Sepleriň elýeterliligi

Maduro protestçilere duýduryş berdi


Maduro protestçileriň Karakas skwerlerini boşatmagyny soraýar.

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Maduro Karakasdaky protestçilere duýduryş berdi.

Prezident protestçileriň Karakasda mesgen tutan skwerlerini terk etmelidiklerini ýa-da olaryň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan göçüriljekdigini aýtdy.

Hökümete garşy protestçiler esasan Altamira meýdançasynda üýşýärler we Wenezuelada alty hepde bäri dowam edýän zorluklarda 28 adam öldi.
XS
SM
MD
LG