Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň websaýtlaryna hüjüm edildi


Näbelli hakerler şenbe güni NATO-nyň birnäçe jemgyýetçilik websaýtyna elektron hüjümlerini gurnap, olaryň işini togtatdylar.

Bu Krym üstündäki dartgynlyklaryň güýçlenmegi bilen elektron giňişliginde göze ilen soňky ýitileşme bolup görünýär.

Özüni "cyber berkut" diýip atlandyran topar bu hüjümi watançy ukrainalylaryň amala aşyrandygyny, olaryň NATO-nyň öz ýurtlarynyň işine gatyşmasyna gahar edendigini aýdýar.

Emma www.cyber-berkut.org tarapyndan edilen beýanat garaşsyz çeşmeler arkaly bada-bat tassyklanyp bilinmedi.
XS
SM
MD
LG