Sepleriň elýeterliligi

Serbiýada saýlaw geçirilýär


Serbiýaly saýlawçylar parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Saýlawa 6.7 million çemesi adam gatnaşmaly, olar parlamentiň 250 deputaty üçin ses bermeli. Irki saýlawlar Serbiýanyň dolandyryjy Progressiw partiýasynyň çagyryşy esasynda geçirilýär.

Synçylar onuň Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşigini açmakda üstünlik gazanansoň, jemgyýetçilik goldawyny has köp almaga umyt baglaýandygyny aýdýarlar.

Partiýa parlament möhletiniň ortasynda saýlaw geçirmäge çagyrmak bilen, korrupsiýa garşy kampaniýa we beýleki reformalar üçin has güýçli saýlawçy mandatyny almak isleýändigini aýdýar.

Pikir soralyşyklar Progressiw partiýanyň partnýory bolan Sosialistler partiýasynyň ikinji orunda gelýändigini aýdýarlar. Oppozisiýadaky Demokratik partiýa bolsa, üçünji orunda geler öýdülýär.

Ýurduň gowşak ykdysadyýeti bu kampaniýanyň esasy temasy bolup durýar.

Serbiýanyň işçi güýjüniň her bäşinjisi işsiz we ortaça aýlyk 350 ýewro ýa-da 480 dollar.
XS
SM
MD
LG