Sepleriň elýeterliligi

Suwa hormatmy ýa il rysgalyna geleňsizlik?


Tejen, zeýkanalyň boýundaky çaga

Tejen, zeýkanalyň boýundaky çaga

Gepi çagalykdan gulagymyza guýlan bir pentden başlasym gelýär. Ene-atamyzdan, ululardan eşiden zadymyz: «Gije-girim öýe myhman gelse, öýde hem suw bolmasa, garaňkyda suw almaga gitmeli bolsa, baraňda suwa salam bermeli, bimahal wagt geleniň üçin ötünç sorap, soň suw dilemeli» diýerdiler.

Bu haýyş şeýleräk ýadymda galypdyr: «Essalawmaleýkim, Suw aga, elim-ýüzüm ýuw aga, öýümize myhman geldi, bir çaý içimlik suw ber aga?»

Soň, ýetginjek bolup, toýda-ýasda hyzmata ýarap ugramyzda, ýaşulularyň elini ýuwdurmaly bolanda, kündügi iki el bilen tutup, suwy bölüp-bölüp akytmagy öwretdiler. «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen sözi hem, meger, ilkinji gezek şo mahal eşidendirin. Soň bu at bilen Berdi Kerbabaýewiň bir kitabyny okamak miýesser edipdi.

Suw we sowet planlary

Sowet hökümeti Türkmenistan, Özbegistan ýaly respublikalara uly pagta planyny berýärdi. Bu plany doldurmak üçin köp gektar ýere gowaça ekip, ýokary hasyl almak barada hem ýokardan basyş edilýärdi, hem metbugatda giňden propaganda, wagyz işleri ýöredilýärdi.

Pagta sowet hökümeti üçin strategiki önümdi, Moskwa sosialistik lager diýilýände kän möçberde esger saklaýardy we, pagta süýüminiň başga tehniki maksatlar üçin näderejede zerurdygyny nazara almanyňda hem, diňe esgerleriň eşigi, uly soýuzyň beýleki respublikalaryndaky ilatyň zerurlyklary üçin hem kän pagta gerekdi.

Garagum derýasy, ozal Lenin adyndaky Garagum kanalydy. 2014.

Garagum derýasy, ozal Lenin adyndaky Garagum kanalydy. 2014.



Türkmenistanda W.I.Lenin adyndaky Garagum kanalynyň gurulmagy üçin ummasyz kän serişde goýberilmegi hem şu pagta zerurlygyndan uç alýardy. Elbetde, kanalyň gurluşygy aýratyn mesele. Ýöne kanal suwunyň ulanylyşy, umuman, bol we bahasyz, eýesiz suwa çemeleşiş bilen bagly endikler, medeniýet, onuň netijeleri welin şu günem ýurt, adamlar üçin uly problema.

Gijeki suw tutuş

1970-nji ýyllarda, Tejen ýaly pagtaçylyk etraplarynda adat bolşy ýaly, meniň ýetginjek ýyllarym gowaça meýdanlarynda geçdi. Dogry, ýekeleme, otag, suw tutmak ýaly işlerden «ösüp», külte basýan traktorçynyň kömekçisi bolmak ýaly arzuwlarymyz hem bolupdy. Ýöne bir gezek, gowaça suw tutmagyň gijikýändigini, şu sebäpden gije hem gowaça suw tutmagy talap edýändiklerini eşidip, gijesine suwçy bolmaga razylyk berenim ýadymda. Emma bu işi 13-14 ýaşly çaga ynanman, bir suwçynyň 70 ýaşly ýarawsyz kakasyna ynanmagy teklip etdiler.

Biziň pagta meýdanymyz Aşgabat-Tejen ýolunyň golaýyndady. Agşam işden gaýdamyzda, Amangeldi aga suw tutulmaly gowaça kartalarynyň gyrasynda goýlan demir krowatda aýagyny sallap otyrdy. Oňa çybyn örüp ugranda girmek üçin hasadan peşehana hem gurup beripdiler.

Şeýle-de onuň ýanynda panus çyrasy bardy. Brigadir Kakajan aga oňa Tejen şäheri tarapdan maşyn çyrasy görünse, panus çyraly kartanyň gyrasynda eýläk-beýläk ýörän bolmagy, esasan uklap üstüni basdyrmazlygy tabşyrdy. Ol şundan başga zada ýarajak hem däldi.

Kommunistik partiýa gowaça kartalaryny dört-bäş gezek suwarmagy we bejergi geçirmegi talap edýärdi, sebäbi şonda hasyllylyk ýokary bolýardy. Emma ýaşulular «Moskwadan berilýän plan real däl, adam güýjümiz az, suw az, ýaplary gamyş basan, dökün az, tehnika ýeterlik däl» diýip zeýrenýärdiler.

Saryja obasy. 2014

Saryja obasy. 2014


Netijede, kanun boýunça ekilmeli ýerden has kän ýere gowaça ekilýärdi we ol ýerleriň hemmesini talap edilişi ýaly suwarmak, dökünlemek, bejermek mümkin bolmaýardy. Şu ýerden hem artdyryp ýazmalar, bikanun işler gelip çykýardy. Gijeki suwaryş diýilýän bolsa, agşam suwy karta düzüp gaýtmakdan ybaratdy.

Ertesi işe gelemizde, Amangeldi aganyň demir krowaty bilen suwuň içinde galandygyny görüp, çaga-da, hezil edip gülüpdik. Gowaça düzülen suw kartadan çykyp, boş ýere, esasan ýoluň gyrasyndaky peslige gaçyp, gijeki suwçynyň töweregini täze bir kölçä öwrüpdi.

Şor basan ýerler we zeýkeş gurluşygy

Emma soň gowaça meýdanlaryna hasapsyz suw kowmagyň ýerleri sandan çykarýandygyna, uly-uly erik agaçlarynyň gözümiziň alnynda guraýandygyna, bir wagtlar çörekli ýurt diýlip bilnen Tejeniň topragyny şor alandygyna, umuman ýurduň ýazda gül-pürçüge beslenýän mes toprakly ýerleriniň müňlerçe gektaryny şor basandygyna düşünip, bu ýerde gülkünç hiç zadyň ýokdugyna göz ýetirip başladyk.

Kommunistik partiýa aşakdan ýokary galan şor suwlary zeý kanallaryny gazmak bilen çözmegi maslahat berdi, soň bu şor suwlar garaşsyz Türkmenistanyň emeli köl gurmak üçin milliardlap dollar çykdajy etmegine alyp geldi. Emma entek mesele çözüldi diýip bolmaýar. Sebäbi, spesialistleriň köpüsiniň pikirine görä, ekerançylykda, oba hojalygynda şeýle kyn ýagdaýy döreden sebäpler, ýere, suwa çemeleşiş, sowet pikirlenişi saklanyp galýar.

Garagumdaky "Altyn asyr" kölüne suw eltýän zeýkeş.

Garagumdaky "Altyn asyr" kölüne suw eltýän zeýkeş.


Munuň üstesine, Türkmenistanda suw ilata belli bir möçberde mugt berilýän zatlaryň biri. Bu ýagdaý kä ýerlerde içimlik suwuň bisarpa akdyrylyp, maşyn ýuwmak-beýleki üçin, ýa keýpine, geleňsizlikden ýitirilmegine sebäp bolýar. Şol bir wagtda, ilatyň bir bölegi agyz suwuny, ulanjak suwuny satyn alyp bilse zor boldugy.

Umuman, Türkmenistanyň, sowetleriň gowaça syýasatyny başdan geçiren regionyň suw meselesi juda çylyşyrymly we bu ýerde edilmeli gürrüňiň aňyrsy-bärsi ýok. Mundan başga, Owganystanda parahatçylyk ornap, suw has netijeli ulanylyp başlansa, Türkmenistana gelýän suw azalar. Ondan ötri, suw baradaky syýasat, aýratynam onuň mugt ýa bahasyz bir zat hökmünde görülmegi derhal bes edilmeli ýaly.

Golaýda türkmen metbugaty ýurduň suw hakyndaky kodeksine girizilen düzedişler we goşmaçalar baradaky habary çap edende, men «bir zatlar üýtgeýän ýaly» diýip pikir etdim we bu barada ýerli synçy Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldum.



Blogda aýdylan pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG