Sepleriň elýeterliligi

Krym Orsýete goşulmak üçin ýüz tutdy


Simferopoldaky rusparaz krymlylar. 16-njy mart, 2014 ý.

Simferopoldaky rusparaz krymlylar. 16-njy mart, 2014 ý.

Krym özüniň garaşsyzlygyny yglan edip, Russiýa Federasiýanyň düzümine girmek üçin resmi taýdan ýüz tutdy.

Krymyň regional parlamenti duşenbe güni geçirilen ýörite diňlenişigiň dowamynda, bu baradaky ädimi uly goldaw bilen garşy aldy. Parlament sebitdäki ähli ukrain emläginiň hem millileşdiriljekdigini mälim etdi.

Resmiler ýekşenbe güni geçirilen referendumyň netijesinde ilatyň 96.8%-niň regionyň Ukrainadan aýrylmagyny goldandygyny öňe sürdüler. Gürrüňi gidýän referendum ukrain hökümeti we Günbatar ýurtlary tarapyndan “bikanun” diýlip ykrar edildi.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri rus resmileriniň serişdelerini doňdurmak we olara garşy wiza gadagançylygyny girizmek meselelerine serederler.

Russiýa referendumyň halkara kanunçylygyna gabat gelýändigini aýdýar.

Bu aralykda Ukrainanyň parlamenti zapasdaky 40 müňe golaý goşuny mobilizasiýa etmek baradaky prezidentiň kararyny tassyklady.
XS
SM
MD
LG