Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB we ABŞ Orsýete garşy sanksiýa girizmekçi


Referendumyň netijeleriniň dabaralanyşy, Simferepol, 16-njy mart, 2014.

Referendumyň netijeleriniň dabaralanyşy, Simferepol, 16-njy mart, 2014.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň Krym regionynda geçirilen dawaly referendum bilen baglylykda duşenbe güni Orsýete garşy käbir sanksiýalary yglan etdiler.

Orsýete tarapdar saýlaw resmileri tarapyndan duşenbe güni yglan edilen sanlarda referenduma gatnaşan ses berijileriň 96.8% Krymyň Orsýete goşulmagyny goldandygy aýdylýar. Mundan öň 82% diýen sanlar peýda bolupdy.

ÝB-niň daşary işler ministrleri duşenbe güni Brusselde Orsýete garşy bank hasaplarynyň doňdurylmagyna we wiza degişli sanksiýalary maslahat edýärler. ABŞ-nyň hem sanksiýalar bilen bagly beýannamasyna duşenbe güni garaşylýar.

Sanksiýalar gün tertibinde

ÝB-niň daşary işler ministrleriniň arasynda maslahat edilýän we AÝ/AR elýeterli bolan dokumentiň taslamasynda ýekşenbe günki referendum “bikanun” diýilip atlandyrylýar we berk tankyt edilip, onuň netijeleriniň kabul edilmeýändigi aýdylýar. Dokumentde şu ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň we Orsýetiň arasynda Soçide geçirilmegi planlaşdyrylan sammitiň ýatyrylýandygy we ÝB-niň 21-nji martda Brusselde Kiýewiň täze hökümeti bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekiljekdigi aýdyldy.

Şeýle-de, dokumentde “Ukrainanyň görkezýän garşylygy” makullanýar we Orsýete krizisi güýçlendirmezlige hem-de öz goşunlaryny “krizisden öňki sanlara we çäklere çenli azaltmaga ündew edilýär.

Brusseldäki çäreler bilen bir wagtda Krymyň parlament delegasiýasy Krymyň Orsýete goşulmagy barada resmi taýdan ýüz tutmak üçin duşenbe güni Moskwa sapar edýär.

Orsýetiň Döwlet Dumasynyň spikeriniň orunbasary Sergeý Newerowyň Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýüniň Krymyň Orsýete goşulmagyna rugsat berýän kanuny “örän ýakyn geljekde” kabul etjekdigini aýtdy, diýip “Interfaks” agentligi habar berdi.

Netijeleriň kabul edilişi

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Krymdaky referendumyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hiç wagtda ykrar edilmejegini aýtdy we Waşingtonyň hem onuň Ýewropdaky ýaranlarynyň Ukrainanyň garaşsyzlygyny depelemegi sebäpli Orsýete garşy “goşmaça” çäreleri görmäge taýýardygyny mälim etdi.

Kremliň aýtmagyna görä, Putin Obama bilen ýekşenbe güni geçiren telefon gepleşiginde referendumyň kanuny bolandygyny aýdypdyr.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Brusselde geçirýän duşuşygynyň öňüsyrasynda Daniýanyň daşary işler ministri Frans Timmermans sanksiýalaryň işe girizmegini diňe Orsýetiň özüniň öňüni alyp biljekdigini belledi: “Orsýetiň şu çaka çenli özüni alyp baryşynyň düýpden ýol bererlikli däldigi görnüp dur. Men sanksiýalardan saklanmak üçin elimden geleni ederdim, sebäbi sanksiýalar girizilende mundan her kim ejir çeker. Emma diňe orsýetliler olaryň öňüni alyp bilerler”.

Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague Krymdaky ses berişligi demokratiýanyň “üstünden gülmek” diýip atlandyrdy. Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius referendumyň “Orsýetiň okkupasion goşunlarynyň howpy astynda” geçirilmegini ýazgardy.

Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow referendumyň netijelerini “Kremliň öz goşunlaryny ibermegini delillendirmek üçin öňünden planlaşdyrandygyny” aýtdy.

Krymyň regional paýtagty Simferepolda ýekşenbe güni gije şatlykly toparlar referendumyň netijelerini dabaraladylar.

Krymyň Orsýete tarapdar lideri Sergeý Aksýonow olary “gahrymançylyk” üçin gutlady: “Biz muny bilelikde etdik. Size we siziň gahrymançylygyňyz, goldawyňyz üçin minnetdar. Orsýetiň, orsýet halkynyň we prezidentiň goldawy üçin minnetdar. Hiç kim biziň ýeňşimizi elimizden alyp bilmez. Biz Orsýete barýarys, hemmäňizi gutlaýaryn”.

Düzgün bozuldymy?

Krymdaky referendum boýunça komissiýanyň ýolbaşçysy Myhaýlo Malyşew öz edarasyna düzgün bozmalar boýunça resmi şikaýatlaryň gowuşmandygyny aýtdy. Emma Fransiýanyň “Frans Pres Agentligi” öz žurnalistleriniň we beýlekileriň Sewastopolda we Simferopolda ses berişlik nokatlaryna barmagynyň öňünde böwet döredilendigini aýtdy.

Daşary ýurtly synçylar gatnaşdylar, emma ÝHHG ses berişlige gözegçilik etmejegini, sebäbi Ukrainanyň milli hökümeti tarapyndan resmi çakylygyň bolmandygyny aýtdy.

Krymyň etnik tatarlarynyň arasynda köp adamyň we Kiýewe tarapdar ukrainleriň bu ses berişligi boýkot etmegine garaşylypdy.
XS
SM
MD
LG