Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Türkmen dili seminary geçdi


Owganystanda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda türkmen dili boýunça ýörite seminar geçirildi. Oňa bilim pudagynyň beýleki işgärleri bilen bir hatarda, ilkinji gezek aýal mugallymlar hem gatnaşdy. Şeýle-de golaýda Owganystanyň Bilim ministrliginiň düzüminde Türkmen dili boýunça ýörite bölüm döredildi. Kabulda geçen seminara gatnaşyjylar Türkmenistanyň magaryf pudagynda uly kömekleri edýändigini, emma muňa garamazdan hem ýerli türkmen çagalaryny okatmak üçin okuw-esbaplarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Owganystandaky türkmen dili mugallymlary türkmenistanly resmilere ýüzlenip, ýurtda türkmen dilini ösdürmek ugrunda mundan beýläk hem kömek berip durmaklaryny soradylar.

XS
SM
MD
LG