Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Syýasat bilime agalyk etmeli däl"


"Okuwçylarymyza nädip töweregine tankydy göz bilen nazar aýlamagy öwretmeli"
"Okuwçylarymyza nädip töweregine tankydy göz bilen nazar aýlamagy öwretmeli"
Daşary ýurtlarda bilim sistemasy näderejede işjeň? Aslynda ideal bilim sistemasy nähili bolmaly? Azatlyk Radiosy bu tema boýunça bilim ugrundan ökde hünärmenler bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Bu gürrüňdeşlige Täze Zelandiýanyň Wiktorýa uniwersitetinde Dil we edebiýat ugry boýunça ylymlaryň kandidaty derejesini goraýan eýranly Reza Setdarzade we ABŞ-da mugallymçylyk ugry boýunça magistrlik derejesini alyp, birnäçe ýyldan bäri Orta Gündogaryň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň birinde mugallymçylyk edýän özbegistanly mugallym Rustam Mardanow gatnaşýar.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen söze eýranly pedagog Reza Sattarzade başlaýsyn. Ideal bilim sistemasy nähili bolmaly? Eýranyň bilim sistemasy, siziň pikiriňizçe, näderejede ideal?

Reza Settarzade: Haçan-da biz bilim sistemasy barada gürrüň edenimizde, birnäçe faktory göz öňünde tutmaly bolýarys. Bilim sistemasyny kämilleşdirmek üçin birinji bilen, bilim ojaklarynyň infrastrukturasyny kämilleşdirmeli. Bu okuwçylaryň bilim alýan ýerleriniň fiziki statusyny gowulandyrmaklyk diýmeklikdir.

Beýleki bir tarapdan, ideal bilim sistemasyna eýe bolmak üçin size näçe sany ýokary taýýarlykly kadryň zerurdygyny anyklamak we häzirki wagtda sizde näçe sany öz işine ussat işgäriň bardygyny bilmeklik hem wajyp.

Öz ýurdumyň bilim sistemasy barada aýdanymyda, men biziň sistemamyzyň iň bir ideal ulgamdygyny aýdyp bilmerin. Şol bir wagtyň özvnde ol erbedem däl. Men ol ýerde magistr ylmy derejäni aldym we men mundan doly kanagatlandym. Infrastruktura taýdan biziň käbir ýetmezçiliklerimiz bardy, häli bu güne çenli bu şeýle.

Men size bir mysal getirip bilerin, meselem, biz orta mekdepde okan döwürlerimizde bilim edaralarynda kompýuterler ýokdy, internet ýokdy. Elbetde, men 2000-nji ýyllaryň gürrüňini edýärin.

Günbatar ýurtlarynda bolsa şol döwürlerde mekdepler bireýýäm kompýuterler bilen enjamlaşdyrylypdy. Häli bu güne çenli ýurduň köp sanly bilim ojaklarynda bu enjamlar ýok.

Ýöne ýokary okuw barada aýdanymyzda, Eýranda bakalawr derejesini almak gaty aňsat. Ýöne bu haýsy ýokary okuw jaýynda okaýanyňyza-da bagly. Eýranyň käbir uniwersitetleri (elbetde, ählisi däl) Orta Gündogaryň iň bir naýbaşy okuw jaýlarynyň hatarynda kabul edilýär.

Başda aýdyşym ýaly, Eýranda ýokary okuw jaýynyň talyby bolmak aňsat. Mysal üçin, käbir okuw jaýlarynyň tölegini tölemek arkaly aňsatlyk bilen okuwa girip bolýar. Ýöne häzirki wagtda adamlar şol ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hiline şübhelenip başladylar.

Ynha, bu ýagdaý bolsa soňlugy bilen käbir problemalara ýol açýar. Sebäbi, aýdaly, okuwyňy tamamlanyňdan soňra işe durmak isleseň, iş edaralary seniň diplomyňa seredýärler. Eger-de sen gowşak okuw jaýlaryny tamamlan bolsaň, iş tapmak mümkinçiligiň kynlaşýar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siz öz ýurduňyzyň bilim sistemasyndan kanagatlanýarsyňyz?

Reza Settarzade: Doly däl. Başga käbir zatlar bilime täsir edýär. Meniň pikirimçe, “bilim pudagy” islendik ýurtda özbaşyna izolirlenen pudak däl. Oňa täsir edýän başga-da köp sanly faktorlar bar. Syýasy faktor, dini faktor we sosial faktorlar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siz syýasatyň ýa-da diniň “bilim pulagyna” täsir etmegine garşy-da. Bu örän wajyp mesele. Biz bu baradaky gürrüňe ýene-de dolanarys.

Şol bir soragy özbegistanly Rustam Mardanowdan sorasak. Siz Özbegistanyň bilim pudagy barada näme diýýärsiňiz? Siz ozal birnäçe döwletlerde bolup görüpsiňiz, mugallymçylyk ugrundan magistr ylmy derejäňizi hem Birleşen Ştatlarda alypsyňyz. Şeýle bolsa öz bilim pudagyňyzy Günbataryň bilim sistemasy bilen näderejede deňeşdirip bilersiňiz?

Rustam Mardanow: Elbetde, Özbegistanyň bilim pudagy dünýä nusga bolup biljek bilim ulgamy däl. Ýöne, meniň çaklaýşym boýunça, özbekleriň bilim ulgamy sowet döwründe regionyň iň bir kabul ederlikli bilim ulgamlaryndan biridi we şol döwürler Sowet Soýuzynyň dürli künjeklerinden gelip, adamlar Daşkentde ýokary bilim alardylar.

Ýöne Sowet Soýuzynyň çökmegi bilen köp sanly bilimli-düşünjeli, sowatly mugallymlar ýurdy terk etdiler. Şeýlelikde ýurduň bilim sistemasy dürli ugurlarda yza tesdi.

Men bir meselede jenap Settarzade bilen ylalaşýaryn, ýagny bilim pudagyny ösdürmek üçin göwnejaý infrastruktura hökmany. Sowet Soýuzynyň çökmegi bilen özbek kitaphanalarynda wagty geçen kitaplar galdy. Adamlar şolar bilen oňuşmaly boldular. Uzak wagtlap şol kitaplar täzelenmedi. Kitaphanalar şol bir durkunda saklanyp galdy. Ýöne häzirki günlerde, wagtyň geçmegi bilen kitaplar täzelenýär.

Indi Özbegistanyň bilim pudagyny Günbatar ýurtlaryň bilim sistemasy bilen deňeşdirenimizde, men bir zady aýdyp bilerin, ýagny, özbekler Günbatar bilen aýakdaş gitmäge synanyşýarlar. Ýöne häli bu güne çenli mekdepler kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylanok. Ýa-da bolmasa internet arkaly sapaklar ýola goýlanok. Meniň pikirimçe, şu bellän ugurlarymyň üstünde işlenilmeli we ähli zat nusgalyk bilim sistemalaryna gabat getirilmeli.

Azatlyk Radiosy: Jenap Settarzade siz sözüňiziň barşynda bilim pudagyna täsir edýän käbir faktorlar barada gürrüň etdiňiz. Şol faktorlary has giňişleýin düşündirip bilermisiňiz?

Reza Settarzade: Meniň pikirimçe, şol agzalan faktorlaryň öňüni almak gaty kyn, hatda mümkin däl. Bu ýagdaý hemme ýurtda diýen ýaly gaýtalanýar. Ýagny, ýurduň sosial we syýasy atmosferasy bilim pudagyna öz täsirini ýetirýär.

Eýranda ýagdaýlar biraz başgaçarak. Men, esasan, ýokary okuw jaýlary barada gürrüň edýärin. Haçan-da siz uniwersitetiň territoriýasyna gireniňizde, ýurduň syýasy atmosferasyny şol ýerde duýup bilýärsiňiz.

Edil özüm barada aýdanymda, men hiç haçan hökümete garşy ýa-da onuň tarapyny tutýan hereketlere gatnaşmadym. Sebäbi, meniň pikirimçe, bilim pudagy syýasatdan, dinden we ş.m zatlardan doly üzňe bolmaly.

Ýöne, başda aýdyşym ýaly, bu örän kyn zat. Meniň pikirimçe, syýasat bilim pudagyny öz täsiri astyna alsa “bilim ulgamy” ýoldan çykýar. Emma gynansagam, men, syýasatdan täsirlenmeýän beýle sistema bardyr öýdemok.

Men ýokary okuw jaýynda wagtym, esasan, saýlawlar döwründe syýasy meselelere goşulan köp sanly talyplary gördüm. Olar beýle etmek bilen özleriniň uniwersitete mäme maksat bilen girendiklerini ýatdan çykarýarlar.

Talyp ýokary okuw jaýyna syýasata gulluk etmek üçin girmeýär. Elbetde, biperwaý bolmaly däl, ýöne meniň pikirimçe, ýokary okuw jaýynda okaýan talybyň iň esasy aladasy onuň okuwy bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Eger, aýdaly, hökümet talypdan syýasata gulluk etmegi talap edýän bolsa, onda, siziň pikiriňizçe, näme etmeli?

Reza Settarzade: Elbetde, şeýle ýagdaýlaram bolup bilýär. Bu meseläniň çöwre ýüzi. Eger şeýle bolýan bolsa, hökümet bolýan ýagdaýlary görmediksirän bolmaly däl. Hökümet ýokary okuw jaýlaryndaky we beýleki bilim we terbiýeçilik edaralaryndaky ýagdaýlara üns bermeli.

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaý Günbatar ýurtlarynda nähili? Mysal üçin, siz häzirki wagtda Täze Zelandiýanyň Wiktoriýa uniwersitetinde “dil we edebiýat” ugrundan kandidatlygyňyzy goraýarsyňyz, ol ýerde ýagdaýlar nähili?

Reza Settarzade: Täze Zelandiýanyň bilim pudagy barada aýdylanda, elbetde, bu ýeri hem syýasatdan doly üzňe däl. Üzňe bolubam bilmez. Sebäbi syýasat hem ýurduň bir bölegi.

Bu ýerde, umuman, haçan-da talyplar uniwersitetiň gapysyndan içerik ätlänlerinde bir zat öwrenmek we ylma goşant goşmak maksady bilen girýärler. Ýöne Gündogar halklarynyň arasynda, esasanam, ýokary okuw jaýynda okaýan käbir adamlaryň aňynda näme üçin uniwersitetde okaýandyklaryny bilmeýän ýaşlar hem tapylýar.

Belki, bu ýagdaý halklaryň ýaşaýyş endikleri bilen baglanyşyklydyr. Şoň üçinem olar syýasata gulluk edýärler. Ýa-da okuwy bilen ilteşigi bolmadyk zatlar bilen gyzyklanýarlar. Men hemmäni bir aýakdan süremok, elbetde.

Ýöne Günbatarda ýagdaý beýle däl. Bu ýerde talybyň ýokary okuw jaýyna girmeginiň ýeke-täk maksady we sebäbi nämedir bir zatlar öwrenmek bolup durýar. Aýdaly Eýranda bäş ýyllap, alty ýyllap ýokary okuw jaýynda okaýan ýaşlar bar. Olaryň käbiri okuw üçin däl-de, başga zatlara, üýşmeleňlere goşulyşmak üçin okuwa gatnaýarlar.

Eýranly we orta gündogarly talyplar barada aýdylanda, bu ýurtlarda “diplomly adam” diýen sosial bir status bar. Köp adam şol statusa eýe bolmak üçin okuwa girýär. “Diplomly adam” diýen düşünjäni olar ýokary gatlaga degişlilik hökmünde kabul edýärler.

Meniň düşünişim boýunça, Günbatarda ýagdaý beýle däl. Seniň ýokary okuw jaýynda okamagyň seni “ýokary gatlaga” degişli etmeýär. Sen isle kandidatlygyňy gora, ýogsa-da islän ylmy derejäňi gazan, sen ýene-de şol öňki adam.

Aýdaly, mysal üçin, eger-de siz kanditalygyňyzy goraýan bolsaňyz, onda, diýmek, siz kandidatlygyňyzy goraýarsyňyz. Bolany. Bu ýerde “haçanam bolsa bir gün adamlar maňa dosent, doktor, pylankes” diýsinler diýip, kandidatlyk goralmaýar.

Meniň diýjek bolýan zadym, eger-de ýaşlar ýokary okuw jaýyna başga maksatlar bilen girýän bolsalar, onda olar haçanam bolsa bir gün özleriniň bir topar çylşyrymly hysyrdylaryň arasyndadygyny görüp galarlar.

Azatlyk Radiosy: Rustam Mardanow, edil ýaňy jenap Settarzade, Günbatarda talyplar okuwa diňe okuw üçin girýärler diýdi. Siz Birleşen Ştatlarda birnäçe ýyl bolduňyz we şol ýerde magistr derejäňizi aldyňyz? Siz bu diýlen zat bilen ylalaşýaňyzmy?

Rustam Mardanow Elbetde, ylalaşýan. Syýasat we din hiç haçan “bilim pudagynyň üstünden” agalyk etmelik däl. Olar düýbünden başga-başga “guramalar”. Syýasatçylar bilim ulgamyna mydama-da belli bir derejede goşuljak bolýarlar.

Köp sanly aziýa ýurtlarynda bu ýagdaý şeýle. Özbegistanda syýasatçylar “bilime” has düýpli goşulýarlar. Olar hemme zadyň syýasy hökmürowanlygyň emrine tabyn bolmagyny isleýärler. Olar adamlaryň “syýasy taýdan dogry” zatlary pikir etmeklerini we aýtmaklaryny talap edýärler.

Ynha, bu bolsa adamlaryň ýagdaýlara tankydy göz bilen seredip bilmek mümkinçiligini gysýar. Günbatarda korrupsiýa “ýokary bilim ulgamyny” öz erkine tapyn etmändir. Ynha, biz şu ýagdaýy öwrenmeli.

Aýratynam orta aziýalylaryň arasynda “tanyş-biliş” we “para” gaty ösen. Eger tanşyň bolsa synagdan geçýäň-de, ýokary okuw jaýynyň talyby bolýaň oturyberýäň! Eger-de syýasatçylar meselä şeýle derejede aralaşmadyk bolsadylar, onda korrupsiýanyň azalmagy hem mümkindi.

Azatlyk Radiosy: “Bilim pudagy” nädip nusgalyk bolup biler? Geliň, has anyk gürrüň edeliň! Mysal üçin, mugallym faktory ýa-da okuwçy faktory, okuwçylaryň okuwa höwesliligi bilim pudagynyň ösmegine näderejede täsir edýär?

Reza Settarzade: Meniň pikirimçe, Rustam örän ähmiýetli meseläni agzady, Ýagny, ýagdaýa “tankydy nazardan” seretmek. Günbataryň bilim sistemasynda okuwça ýagdaýlara “tankydy garaýyşdan” baha berip bilmek öwredilýär. Ýaşlara hemme zady gös-göni şol durşuna kabul etmezligi öwredýärler.

Gündogar halklarynda köplenç okuwçylara, mugallymyň aýdan zatlaryna ynanmaklyk öwredilýär. Şeýle-de mugallyma ýeke-täk maglumat çeşmesi hökmünde garalýar. Ol näme aýtsa, “hökman dogry” diýilýär.

Meniň pikirimçe, biz ilki bilen öz okuwçylarymyza nädip töweregine tankydy göz bilen nazar aýlamagy öwretmeli. Özbaşlaryna pikir etmegi öwretmeli. Sebäbi soňlugy bilen ýaşlar jemgyýetiň doly bahaly agzasy bolýarlar. [Jemgyýetiň ösüşi olaryň ukybyna bagly bolýar.]

Ikinji esasy mesele hem ykdysady faktordyr. Biziň hemmämiz mugallymyň üýtgeşik artykmaç aýlygynyň ýokdugyny bilýäris. Ýaňy käbir ýurtlarda mugallymlaryň ikinji işde işleýändikleri barada özara gürrüň etdik.

Başlangyç we orta mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyklary hem üýtgeşik däl. Şu meselä-de ünsi çekmeli. Insfrastrukturanyň hem gowulandyrylmagy ykdysady meseleler bilen bagly.

Ýöne ykdysady meseleler barada gürrüň edilende, býujetden bilim pudagy üçin aýrylýan puly adamlaryň arasynda deň derejede paýlamaly.

Mysal üçin, meniň ülkämde käbir şäherler tutuşlygyna diýen ýaly ünsden düşüpdir. Okuw üçin şertler örän pes. Beýleki bir tarapdan käbir şäherlerde bolsa ýurduň iň ýokary bilimi berilýän okuw jaýlary bar. Şonuň üçin ykdysady çeşmeler hem halka deň derejede paýlanmaly.

Ideal bilim sistemasy barada ýene-de bir zady belläsim gelýär. Ýagny, “okuwçylaryň bilimine baha goýluşy” hem örän aýratyn ähmiýetli meseledir. Eger “baha goýluş sistemasy” oňyn bolmasa, bu wagtyň geçmegi bilen okuwçylary ýadadýar.

Eýranda we käbir Orta Gündogar ýurtlarynda, esasan, okuwçylar baha üçin okadylýar. Okuwçynyň özi hem men nämedir bir zatlar öwreneýin diýip okamaýar. Ol hem diňe baha üçin okaýar. Ene-atalar hem ony şoňa ugrukdyrýarlar.

Meniň pikirimçe, ine, esasy meselerleriň biri hem şu. Täze Zelandiýanyň bilim sistemasy “baha” esasly (maksatly) däl, okuwçyny nämedir bir zatlary öwrenmäge höweslendirýär.

Mysal üçin, men ýaş okuwçy wagtym diňe “oňat baha” almagyň aladasy bilen ýaşardym. Nädip oňat baha alyp, enem-atamy we mugallymlarymy begendirerkäm diýerdim.

Aýdaly, geçilýän temany öwrenmesem, ony ýat tutup, mugallyma gürrüň berip, iň ýokary baha bolan 20-ligi almak üçin güýç sarp ederdim. Ynha, bu ýagdaý hem “huşsuz sowatsyzlygy” döredýär.

Ynha, haçan-da adamlar diňe baha üçin okanlarynda, ýa-da okadylanlarynda olar “tankydy pikirlenmek” ukybyndan mahrum bolýarlar. “Oňat baha” üçin okuwa gidýän okuwçydan “tankydy garaýyşly” okuwçy ýetişdirmek hem örän uzak wagt alýar. Şonuň üçinem bilim sistemasynda “tankydy garaýyşlaryny beýan edip bilýän” okuwçylary ýetişdirmäge has köp üns bermeli.
XS
SM
MD
LG