Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwisti aradan çykdy


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän özbegistanly aktiwist Hasan Çoryýew türmeden boşadylandan iki aý soň öldi. Ol sürgündäki oppozision aktiwist Bahodyr Çoryýewiň kakasydyr.
Çoryýewiň dogan-garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, aktiwist ýürek näsazlyklary zerarly şenbe güni aradan çykypdyr we ol ýekşenbe güni dogduk mekany Şahrisabzda jaýlanypdyr.
72 ýaşyndaky Çoryýew ýanwar aýynda türmeden boşadylypdy. Onuň tussaglykdan boşadylmagy Özbegistanyň Konstitusiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen amnistiýa esasynda amala aşypdy.
Çoryýew 19 ýaşyndaky gyza jynsy zorluk etmekde günäli tapylyp, awgust aýynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Özbegistanda köp adamlar bu sud işini syýasy maksatly diýip hasaplapdylar.
Çoryýewiň ogly Bahodyr 2004-nji ýylda Özbegistany terk edip, ol birnäçe ýyl bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG