Sepleriň elýeterliligi

Libýa: Partlamada bäş adam öldi


Libýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň gündogaryndaky Bengazi şäherindäki harby obýektde bombanyň partladylandygyny habar berýär. Bu partlamada bäş adam öldi we başga-da azyndan 13 sanysy ýaralandy.
Libýanyň howpsuzlyk resmileri duşenbe güni bolan partlamanyň harby bazanyň daşynda amala aşyrylandygyny aýdýarlar. Olar partladyjy serişdäniň awtoulaga ýerleşdirilendigini we Libýanyň armiýasyndaky ofiserleriň okuwy gutaryş dabarasyndan soň partladylandygyny habar berýärler.
Bengazi şäheri ýurtda 2011-nji ýyldaky gozgalaňlaryň dörän ýeri bolup, şonda Libýanyň döwlet ýolbaşçysy Muammar Kaddafi hökümet başyndan agdarylypdy. Gürrüňi edilýän şäherde yslamçy söweşijileri tarapyndan Libýanyň howpsuzlyk güýçlerine we polisiýa işgärlerine garşy amala aşyrylýan hüjümleriň köpelendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG