Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i Firtaşly maglumaty ret etdi


Dimitry Firtaş. 2009 ý.
Dimitry Firtaş. 2009 ý.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýakynda Awstriýada tussag edilen ukrain biznesmeni Dimitry Firtaşyň Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýasynyň-da bardygy barada çap edilen habarlaryň nädogrudygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 15-nji martda çap edilen beýanatynda şeýle diýilýär: “Orsýetiň “RosBiznesKonsulting” kompaniýasynyň eýeçiligindäki mediada ukrain biznesmeni Firtaşyň dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda-da kärhanalarynyň bardygy hakyndaky maglumatyň ýaýradylmagy adamlaryň kellesini bulaşdyrmak we prowokasiýa maksady bilen edilýän bolmagy mümkindir”.

Mninistrligiň beýanatynda bu maglumat barada alada bildirmek bilen, agzalýan edara Türkmenistan barada çap edýän maglumatlarynda obýektiw bolmaga we faktlary dogry beýan etmäge” hem çagyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan garşysyna çykylan bu maglumat 13-nji martda peýda boldy. Ministrligiň bu maglumat bilen bagly reaksiýasy bolsa 48 ýaşly ukrain oligarhy Dimitry Firtaş Awstriýada tussag edilensoň köpçülige ýetirildi.

Awstriýanyň häkimiýetleri jenap Firtaşyň ABŞ-nyň Federal derňew agentliginiň haýyşy boýunça geçen çarşenbe güni Wenada tussag edilendigini habar beripdi. Ol parahorlukda hemem käbir jenaýat işlerine dahyllylykda güman edilip, gözlenilýär ekeni.

Agzalýan biznesmen tussag edilensoň Awstriýanyň polisiýa gullugynyň metbugat wekili Mario Hejl öz çykyşynda onuň Awstriýanyň hukuk goraýjy organlary tarapyndan saklanýandygyny tassyklady.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi hem jenap Firtaşyň tussag edilendigi baradaky maglumaty tassyklady. Aýdylyşyna görä, agzalýan biznesmen bilen bagly bu derňew 2006-nji ýyldan bäri dowam edýär

Biznes

Firtaş Ukrainanyň iň baý adamlaryndan biri bolup, onuň Orsýet bilen ýakyn biznes aragatnaşygynyň bardygy aýdylýar. Onuň bu baýlyga gaz söwdasy, media we bank ulgamy bilen bagly biznes esasynda eýe bolandygy hem aýdylýar.

Firtaşy goldaýanlaryň arasynda ýakynda Ukrainada häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň hem ady geçýär. Firtaş ”RusUkrEnergo” gaz kompaniýasynyň hem eýelerinden biridir.

Onuň Ukraina bilen bir hatarda Estoniýada, Täjigistanda, Germaniýada, Italiýada, Kiprde, Şweýsariýada, Wengriýada hemem Awstriýada maýa goýumlarynyň bardygy aýdylýar. Düýbi Britaniýada ýerleşýän "The Independent" gazetiniň habaryna görä, Firtaşyň gazanç eden ýerleriniň biri hem Türkmenistandyr.

Gazetiň 14-nji martda çap eden habaryndan çen tutulsa, Firtaş öz baýlygynyň belli bir bölegini Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda amala aşyrylan barter, ýagny alyş-çalyş söwdasyndan gazanypdyr.

Eger 90-nji ýyllara ýene bir gezek göz aýlasak, şol döwürde türkmen gazy Orsýetiň üsti bilen Ukraina akdyrylýardy, Ukraina bolsa şol gazyň bahasyny käbir halatlarda nagt pul bilen däl-de, dürli harytlar bilen töleýärdi. Käbir çeşmelşere görä, Firtaşyň jemi baýlygy 5 miliard dollar töweregidir.

XS
SM
MD
LG