Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym Moskwa tarap ädim ädýär


Krymyň parlamentinde geçirilen adatdan daşary ses berişlik, Simferopol, 17-nji mart, 2014.
Krymyň parlamentinde geçirilen adatdan daşary ses berişlik, Simferopol, 17-nji mart, 2014.
Krym garaşsyzlygyny yglan etdi we Orsýet Federasiýasyna goşulmak üçin resmi taýdan ýüzlendi.

Krymyň regional parlamenti bu hereketi duşenbe günki ýörite maslahatynda köpçülikleýin goldady. Bu karar 100 agzalyk parlamentiň 85 wekili tarapyndan makullandy.

Krymyň kanunçykaryjylary BMG-ni we dünýäniň ýurtlaryny ýarymadanyň garaşsyzlygyny ykrar etmäge çagyrdylar. Şeýle-de parlamentiň resmi topary indiki ädimlerini maslahat etmek üçin Moskwa sapara ugrady.

Munuň öňüsyrasynda häkimiýetler ýekşenbe günki referendumda etniki orslaryň köplük bolup ýaşaýan awtonom respublikasynyň ilatyndan referenduma gatnaşanlaryndan 96.8%-niň Ukrainadan bölünip aýrylmagy goldandygyny yglan etdiler.

ÝB sanksiýalara garaýar

Krymdaky referendum Ukrainanyň hökümeti we günbatar döwletleri tarapyndan bikanun diýlip atlandyryldy we ret edildi. Ukrainanyň parlamenti Krymyň parlamentini ýekşenbe günki referendumyň öňüsyrasynda kanuny taýdan dargatdy.

ÝB-niň daşary işler ministrleri duşenbe güni Brýusselde orsýet resmileri babatynda bank hasaplaryna we wiza çäklendirmelerine degişli sanksiýalary girizmegi maslahat edýärler.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton, sanksiýalary girizmek meselesine garalanda, Ýewropanyň Orsýete “mümkin boldugyça berk signallary” ibermeginiň zerurdygyny belledi.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski şeýle diýdi: “Krymyň “birleşdirilmegi” halkara jemgyýetçiligi tarapyndan jogapsyz galyp bilmez. Referendum [Ukrainanyň] konstitusiýasyna, kanuna laýyk bolmady we Krymyň islegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedi. Bu bolsa ÝB-niň öz aýdanlaryny etjegini aňladýar”.

Orsýete tarap indiki ädimler

Orsýet Krymdaky referendumyň halkara kanunlaryna laýyk gelýändigini aýdýar.

Kreml Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sişenbe güni parlamentiň birleşdirilen maslahatynda Krymyň Orsýete goşulmak mümkinçiligi barada çykyş etjegini mälim etdi.

Duşenbe güni Orsýetiň baş kanunçykaryjylary Krymyň formal taýdan Orsýete goşulmagy wagt meselesi diýip bellediler we Ukrainanyň ähli döwlet emläginiň millileşdirilip, Krym Respublikasynyň emlägi bolmalydygyny aýtdylar.

Şeýle-de parlament orsýet rublynyň bu ýarymadada Ukrainanyň griwna milli puly bilen bir hatarda ikinji resmi milli pul boljagyny yglan etdi hem griwnanyň Krymda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli ulanyljakdygyny belledi.

Harby çäreler

Krymyň parlamentiniň spikeri Wladimir Konstantinowa salgylanmak bilen Ukrainanyň regiondaky harby bölümleriniň dargadyljagy barada hem habar berildi.

Krymyň premýer-ministri Sergeý Aksýonow Krymyň 30-njy martda Moskwa wagtyna geçirilmeginiň mümkindigini hem belledi.

Duşenbe güni Ukrainanyň parlamenti rezerwdäki 40 müň esgeri goşuna çagyrmak barada prezidentiň kararyny makullady. Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Andriý Parubiý rezerwdäki 20 müň esgeriň ýaragly güýçleriň düzümine çekilip, galanlarynyň ýurtda täze döredilen milli gwardiýasynda ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG