Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa sanksiýa girizdi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama çykyş edip, Russiýa Ukraina “goşulmaga” dowam etse, Waşingtonyň Moskwa garşy has köp sanksiýalary girizip biljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol Krymdaky rus güýçleriniň yza çekilmegi üçin Moskwa çagyryş etdi.
Mundan ozal Obama Russiýanyň Ukrainanyň Krym sebitine öz goşunyny ýerleşdirmegine we ýarymadada geçirilen referenduma jogap hökmünde ýedi rus we dört ukrain raýatyna garşy sanksiýalary girizipdi.
Olaryň düzümine Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary, prezidentiň iki kömekçisi, Krymyň rusparaz iki separatist lideri we Ukrainanyň häkimiýetden çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiç dagylar girýär.
XS
SM
MD
LG