Sepleriň elýeterliligi

Dünäýniň iň abraýly 100 uniwersiteti


"Times Higher Education" websahypasyndan bir bölek

"Times Higher Education" websahypasyndan bir bölek

“Times Higher Education” websahypasy 6-njy martda dünýäniň iň abraýly 100 uniwersitetiniň täze sanawyny çap etdi.
Bu ýyl dördünji gezek çap edilýän ýyllyk sanawda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gadymy ýokary okuw jaýy Garward uniwersiteti dünýäniň iň abraýly uniwersiteti diýlen ada eýe boldy.
“Times Higher Education” websahypasynda berilýän maglumatlara görä, bu sanaw “Ipsos MediaCT” guramasy tarapyndan taýýarlanylan ses berişlik esasynda düzüldi. Ses berişlige diňe 100-den gowrak ýurduň ýörite çagyrylan abraýly we ýokary derejeli professorlary gatnaşyp, olardan öz ugrundan iň öňde barýan aňyrsy 15 sany ýokary okuw jaýyny saýlamak soraldy.
Takmynan 10 müň 500 töweregi professoryň gatnaşmagynda düzülen sanawda ikinji orun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Boston şäherindäki “Massaçusetiň tehnologiýa institutyna”, üçünji orun bolsa 1891-nji ýylda döredilen we San-Fransisko şäheriniň 40 kilometr golaýynda ýerleşýän Stanford uniwersitetine berildi.
Britan uniwersitetleri
Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň sanawynda dördünji we bäşinji orunlarda Beýik Britaniýanyň Keýmbrij we Oksford uniwersitetleri ýerleşdirildi. Umuman aýdanyňda, sanawyň ilkinji onlugyndaky sekiz uniwersitet – Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişli okuw jaýlarydyr.
Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň öňdäki elli sanysynyň arasynda Ýaponiýanyň üç ýokary okuw jaýy bar. Ýagny Tokio uniwersiteti 11-nji ýerde, Kioto uniwersiteti 19-njy ýerde, Osaka uniwersiteti-de 50-nji orunda ýerleşdirilipdir. Iň abraýly 50 uniwersitetiň hataryna aziýa ýurtlarynyň arasyndan Hytaýyň iki, Singapuryň, Gong-Konguň hem-de Koreýanyň bir ýokary okuw jaýlary goşulypdyr.
Sanawyň elliliginiň ýokarsynda, ýagny iň abraýly uniwersitetleriň sanawynda 50 we 100-nji orunlarda ýerleşdirilenleriň arasynda Koreýanyň başga-da iki, Ýaponiýanyň, Gong-Konguň, Taýwanyň, Singapuryň bir ýokary okuw jaýlary bar.
Türk uniwersiteti
Mälim bolşy ýaly Türkiýe türkmen talyplarynyň ýokary okuwda okamak üçin gidýän ýurtlarynyň hatarynda ilkinji orunda durýar. Türkiýäniň Ankara şäherinde ýerleşýän “Ýakyn Gündogar tehniki uniwersiteti” (Ortadogu teknik uniwersiteti) dünýäniň iň abraýly uniwersitetleri atly sanawyň 70-80-nji onlugynda ýerleşdirilipdir.
Bu sanawa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 46, Beýik Britaniýanyň 10, Germaniýanyň alty ýokary okuw jaýy girizilipdir.
Gürrüňi edilýän sanawda geçen ýyl Britaniýanyň Keýmbrij we Oksford uniwersitetleri üçünji we dördünji orunlarda ýerleşdirilipdi.
Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň sanawy her ýyl Birtaniýanyň “Times Higher Education” atly žurnaly tarapyndan çap edilýär. Ondaky maglumatlar Thomson Reuters tarapyndan taýýarlanylýar. Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň sanawy ilkinji gezek 2011-nji ýylda çap edilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG