Sepleriň elýeterliligi

Fessenheýme zabt edildi


Tebigaty goraýjylar topary bolan «Grinpis» onlarça aktiwistiniň sişenbe güni Fransiýanyň gündogaryndaky ýadro elektrik stansiýasyna urup girendigini aýdýar.

Olar bu işi ol ýerde howpsuzlygyň gowşakdygyna ünsi çekmek üçin edipdirler. Toparyň beýanatynda 14 ýurtdan 60 aktiwistiň Fessenheýmde EDF tarapyndan işledilýän ýadro elektrik stansiýasyna girip, onuň reaktorlarynyň biriniň gapdalyndan «Ýewropany töwekgellige salmagy bes et» diýen ýazgyly şygary asandygyny aýtdy.

Bu Fransiýanyň iň köne ýadro elektrik stansiýasydyr. «Grinpis» perzident Fransua Ollandy we german kansleri Angela Merkeli energiýanyň altertnatiw çeşmelerini gözlemegi güýçlendirmäge çagyrdy.

Bu çagyryş Ýewropa Bileleşiginiň penşenbe gününe bellenen sammitiniň öňünden edildi.

Olland Fessenheýmdäki ýadro elektrik stansiýasyny 2016-njy ýylda ýapmagy wada berdi.
XS
SM
MD
LG