Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turçinow mobilizasiýany düşündirýär


Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow özüniň näme sebäpden 40 müň sany ätiýaçdaky esgeri jemländiginiň sebäbini düşündirdi.

Ol bu çäräni Orsýetiň Krymy basyp almagyna, Krymyň Orsýete birikdirilmegi baradaky referenduma, rus goşunlarynyň ukrain serhediniň gyrasyna üýşürilmegine garşy jogap hökmünde görendigini aýtdy.

Turçinow telewideniýede berlen çykyşynda Orsýetiň syýasy ýolbaşçylarynyň «imperiýa arzuwlary bilen ýaşaýandyklaryny» we Ukraina «uruş bilen haýbat atýandyklaryny» aýtdy.

Şeýle-de ol Kreml Ukrainanyň awtoritar režimini agdaran halk gozgalaňyndan dowla düşüp, gorky astynda hereket edýär, Kreml agressiýasy «demokratik we ösýän» Ukrainadan gorky esasynda güýçlendi diýdi.

Ol Orsýet Ukraina ýurdy bölmek üçin «prowokatorlary we bozgaklary» iberýär, «dönükleri we separatistleri» maliýeleşdirýär diýdi.
XS
SM
MD
LG