Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 15 adam öldürildi


Janyndan geçen bombaçy demirgazyk Owganystandaky Farýab welaýatynda ýerleşýän Maýmana bazarynda azyndan 15 adamy öldürdi.

Welaýat häkimi Mohammadulla Pataş sişenbe güni mähelleli bazaryň girelgesinde özüni partladan rikşaly bombaçynyň ölenlerden başga-da ondan gowrak adamy ýaralandygyny aýtdy.

Farýabyň häkiminiň orunbasary Abdul Sattar Bazer pidalaryň irden işe barýan graždan adamlar bolandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG