Sepleriň elýeterliligi

Baýden Polşa geldi


Birleşen Ştatlaryň wise-perzidenti Jo Baýden sişenbe güni ukrain krizisi sebäpli Polşa, Litwa iki günlük sapara başlady. Baýden Waşingtondan duşenbe güni ugrady.

Ol Warşawada ýurduň premýer-ministri Donald Tusk we prezident Bronislaw Komarowski bilen duşuşýar. Şeýle-de ol Warşawada Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilves bilen duşuşar. Baýden Wilnýusda Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite we Latwiýanyň prezidenti Andris Berzins bilen duşuşar.

NATO ýaranlary bilen guralýan duşuşyklar Birleşen Ştatlaryň rus prezidenti W.Putini Moskwanyň Ukraina intrewensiýasyndan el çekmegine yrmak üçin alnyp barylýan giň kampaniýanyň bir bölegi bolup durýar.

Latwiýa bilen Estoniýa Orsýet bilen serhetdeş ýurtlar, Polşa bilen Litwa bolsa oňa golaý ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG