Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Krym şertnamasyna gol çekildi


Rus we Krym liderleri Krymyň Orseýete goşulmagy baradaky şertnamalara gol çekdiler.

Kreml irden prezident Wladimir Putiniň Krymy Orsýetiň bir bölegine öwürmek baradaky şertnamanyň taslamasyny oňlandygyny aýtdy.

Putin mundan öň parlamentiň iki palatasyny hem Krymyň Orsýete goşulmak baradaky haýyşy bilen resmi taýdan tanyş edipdi. Putin sişenbe güni parlamentiň goşma sessiýasynda Krym hakynda çykyş etdi.

Putin duşenbe güni, halkara jemgyýetçliginiň Krym Ukrainanyň bir bölegi bolup galmaly diýip aýak depýändigine garamazdan, Krymy garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Putin bu baradaky karara Krymyň parlamenti Ukrainadan garaşsyzlygyny jar edip, Orset federasiýasyna agza bolmak barada resmi haýyş bilen ýüz tutanyndan birnäçe sagat soň gol çekdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi duşenbe güni rus resmilerine, rus ýarag firmalaryna, şeýle-de Orsýetiň Ukraina interwensiýasy sebäpli orsýetçi ukrainalylara garşy sanksiýa girizdi.
XS
SM
MD
LG