Sepleriň elýeterliligi

Uly neşe gaçakçysy tutuldy


Serb mediasy uly halkara neşe gaçakçysy diýip güman edilýän adamyň serb we montenegro polisiýasynyň bilelikdäki operasiýasy netijesinde ele salnandygyny aýdýar.

Darko Sariçiň tutulandygy barada resmi tassyknama ýok. Sariç Balkanlarda guramaçylykly jenaýatyň esasy wekilleriniň biri diýip bilinýär.

2009-njy ýylda Urugwaýyň paýtagty Montowideonyň golaýynda bir ýahtanyň üstünde iki tonnadan gowrak kokain ele salnandan soň, onuň ady habarlara düşdi.

Şonda, halkara polisiýasynyň «Balkan söweşijisi» diýip at beren operasiýasynda onuň birnäçe kömekçisi tutulypdy.

Aýdylmagyna görä, Sariç öz neşeden gazanan puluny Serbiýadaky hususylaşdyrma ylalaşyklarynda kanunlaşdyrypdyr.
XS
SM
MD
LG