Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-Krym Anneksiýa ylalaşygy baglaşyldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Krym hökümetiniň ýolbaşçysy Sergeý Aksýonow, Krym parlamentiniň başlygy Wladimir Konstantinow we Sewastopolyň häkimi Alekseý Çaliý. Moskwa. 18-nji mart, 2014 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Krym hökümetiniň ýolbaşçysy Sergeý Aksýonow, Krym parlamentiniň başlygy Wladimir Konstantinow we Sewastopolyň häkimi Alekseý Çaliý. Moskwa. 18-nji mart, 2014 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Krymyň liderleri Ukrainanyň Krym sebitini we Sewastopol şäherini Russiýa Federasiýasynyň düzümine goşmak baradaky ylalaşyga gol goýdular.

Rus parlamentiniň iki öýüniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda eden çykyşynda Putin Krymyň “adamlaryň kalbynda we aňynda” Russiýanyň “aýrylmaz” bir bölegi bolup gelendigini belledi.

Putin: Krym Russiýanyň “aýrylmaz” bir bölegi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:55 0:00

Şeýle-de Putin Krymda Ukrainanyň düzüminden çykmak boýunça ýekşenbe güni geçirilen referendumyň demokratiki görnüşde we halkara hukuk normalaryna laýyklykda bolandygyny nygtady.

Ol Krymdaky ähli milletleriň hak-hukuklarynyň sylanjakdygyny aýtdy: “Biz Krymda ýaşaýan ähli halklara hormat bilen garaýarys. Bu olaryň öýi, kiçi bir watany. Men bu dogry bolar diýip çaklaýaryn, bu ädimi krymlylaryň hem goldajakdygyny bilýärin, ýagny Krymda üç: rus, ukrain we krym-tatar dillerini resmi derejede ornaşdyrmaly”.

"Bähbitler"

Rus prezidenti Ukrainanyň bölünmegini islemeýändigni, emma muňa garamazdan, Russiýanyň we rus dilli illatyň bähbitlerini göz öňünde tutjakdygyny aýtdy. Putin Ukrainanyň täze liderlerini ýurtda “milletçiler” we “neonasistler” diýip atlandyran adamlaryna ýol açmakda aýyplady.

Putin Russiýanyň Kryma goşun salandygy baradaky Günbataryň aýyplamalaryny inkär etdi. Ol harbylaryň Kryma Ukraina bilen ozaldan baglaşylan ylalaşyklaryň çäginde ugradandygyny, şol resminama görä-de Krymyň Gara deňzindäki harby flotunda 25 müňe çenli rus esgerini saklamaga hakynyň bardygyny öňe sürdi.

Krymdaky hereketlerini aklap, Putin Günbatary sowuk uruş döwründäki ugry tutmakda we Ukraina meselesinde “gyzyl çyzyk” diýip atlandyran çäginden çykmakda aýyplady.

Rus kanunçykaryjylary Putiniň çykyşyny ýygy-ýygydan şowhunly el çarpmalar bilen böldüler.

Indi Krymyň anneksiýasy bilen bagly şertnamalary rus parlamentiniň gysga wagtyň içinde tassyklamagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG