Sepleriň elýeterliligi

Çekinjeňligiň arkasynda näme bar?


Wenada protest bildirýän türkmenistanlylar, 27-nji fewral, 2014.

Wenada protest bildirýän türkmenistanlylar, 27-nji fewral, 2014.

Türkmenistanlylaryň käbiri ýurt içinde bolsun, daşynda bolsun, Azatlyk Radiosynyň efirinde öz pikirini açyk aýtmakdan çekinmeýär. Ol pikirler dürli başga pikirleri hem döredýär we umumy hakykata gelmäge belli bir derejede kömek edýär.

Şol bir wagtda öz problemalary, umumy ýurt meseleleri, il-ýurt aladalary barada resmi kabul edilen pikirlerden başga pikirleri aýtmakdan saklanýan adamlar hem az däl.

Käbir türkmenler hatda daşary ýurtlarda hem özlerini ynjalykdan gaçyrýan zatlar barada açyk gürlemekden, maslahatlaşmakdan we hemmeler üçin peýdaly çözgüt gözlemekden çekinýärler.

Eýsem bu çekinjeňligiň arkasynda nähili sebäpler bar?

Dünýä türkmenleri gepleşigimiziň bu gezekki sanynda şu mesele barada pikir alyşmakçy bolýarys. Pikirleriňizi aýtsaňyz, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG