Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Baýdeniň dawasy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden. Moskwa. 2011 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden. Moskwa. 2011 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň prezidentlik wezipesinde iň ýokary basgançaga çykana meňzeýär. Ol Kremliň kaşaň zalynda gazanylan “üstünlik” bilen özüni gutlaýan orsýet resmileriniň öňünde Krymdaky soňky ýagdaý barada dabaraly çykyş etdi.

Ol öz çykyşyny Krymyň we Sewastopolyň Russiýa Federasiýasyna birikdirilýändigi baradaky dokumente gol çekmek bilen soňlady.

“Ynha, bu gün, Krymda geçirilen ählihalk referendumynyň netijelerine esaslanyp, krym halkynyň eradasyna esaslanyp, men, Federal Geňeşiň, degişli regionlaryň Russiýa Federasiýasyna goşulýandygy baradaky federal kanuna gol çekýärin we Krym Respublikasynyň hem-de Sewastopolyň Russiýa Federasiýasyna birikdilýändigini tassyk edýärin. Siziň muny goldajakdygyňyza hiç hili şübhäm ýok”.

Baýdeniň çykyşy

Aradan birnäçe sagat geçensoň Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Polşa resmi saparynyň çäklerinde Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk bilen habarçylaryň öňünde çykyş etdi.

“Ukraina barada aýdanymyzda, bizi şu derejä getiren wakalara ynanar ýaly däl. Prezident Barak Obama maňa bu gün Warşawada Polşanyň liderleri bilen Ukrainadaky soňky ýagdaýlary maslahatlaşmagy tabşyrdy. Birleşen Ştatlar we NATO öz hukuk gatnaşyklaryny we borçlaryny ýerine ýetirýärler”.

Putiniň göçgünli we “ýanbermezek” äheňli çykyşy Orsýetiň we Krymyň taryhy baglanyşygyna Kremliň nähili garaýandygyny açyp görkezdi. Şeýle-de ol sözüniň dowamynda geçmişde Birleşen Ştatlaryň Kosowanyň garaşsyzlygyny ykarar etmegi, sowuk urşuň soňlanmagy bilen Germaniýanyň birleşmegi ýaly käbir taryhy ähmiýetli wakalary agzap geçdi. Taryhda bolan bu wakalar, Moskwanyň pikirine görä, onuň Gara deňizdäki bu ýarymadany öz çägine goşmagyny mamla ýaly edip görkezýär.

Gürrüňi edilýän iki çykyşyň hiç haýsysynda “ylalaşyk” signaly gulaga ilmedi.

Hatda Putin öz çykyşynda, esasan, Krym barada däl-de, soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň etdi: “Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky günbatarly hyzmatdaşlarymyz, ýokary derejeli halkara kanunçylygynyň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň tarapdarlary. Olar özlerini aýratyn, “saýlananlar” hökmünde kabul edýärler. Günbatarly hyzmatdaşlarymyz özlerine “dünýäniň ykbalyny kesgitlemek” erki berlendir diýip pikir edýärler we diňe özlerini “mamla” hasaplaýarlar”.

Şeýle-de Putin NATO-nyň öz gerimni giňeltmek maksatnamalary barada durup geçdi. Prezident Putin günbatarlylaryň Ýewropada özleriniň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny gurnamak bilen Günbataryň, kökleri 18-nji asyrdan gaýdýan, “Orsýeti öz içine dolap almak” syýasatyny amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

“Basyp alyjylyk”

Agzalan gürrüňleri Baýden ret etdi we Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini “basyp alyjylyk” diýip atlandyrdy.

“Orsýet özüniň “basybalyjylykly” hereketini “mamla” edip görkezjek bolup, bir topar argumentleri orta atdy. Bu günem şeýle gürrüňler edildi. Ýöne tutuş dünýä Orsýetiň ädýän ädimleriniň ýalňyşdygyny, logika gabat gelmeýändigini görýär”.

Ol Ukrainadaky krizisiň NATO öňünde käbir kynçylyklary döredýändigini belläp, öz sözleriniň üstüni ýetirdi: “Soňky wakalar bize bir zady ýatlatdy, ýagny NATO-nyň 5-nji maddasynyň talaplaryna laýyklykda, biziň hyzmatdaşlarymyzyň bütewiligi we jebisligi saklanyp galýar. NATO bu krizisden öňküsindenem güýçlenip, baş alyp çykar”.

Şeýle-de Baýden howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary baradaky meýilnamalarynyň dolulygyna durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Ol öz çykyşynda Putiniň 18-nji martda eden hereketleriniň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini Orsýete garşy has ýiti sanksiýalary girizmäge iterendigini aýratyn nygtady.

Her niçigem bolsa, Putin şeýle ýagdaýlary öňünden çaklapdyr, onuň çykyşynda şeýle sözler bar: “Biz öz milli bähbitlerimiz ugrunda aýak dirärismi ýa-da mydama yza çekilip, nirededir bir ýerde bukulyp gezerismi? Käbir günbatarly syýasatçylar bizi diňe bir sanksiýalar bilen gorkuzmak islänok, eýsem olar içerki meselelerimiziň hem ýitileşjekdigini aýdýarlar. Meniň bilesim gelýär, beýle diýmek bilen olar nämäni göz öňünde tutýarlar. Olar ýurduň içindäki satlyklaryň we dönükleriň edip biljek hereketlerini göz öňünde tutýarlarmy, ýa-da olar Orsýetiň sosial we ykdysady ýagdaýyny has hem erbetleşdireris diýip pikir edýärlermi? Şeýle etmek bilen giň gerimli närazyçylygy öjükdireris diýip pikir edýärlermi? Biz edilýän şeýle gürrüňlere “jogapkärçiliksiz çemeleşmek” hökmünde baha berýäris we durşuna “agressiwlik” hökmünde kabul edýäris. Biz olaryň jogabyny bereris”.
XS
SM
MD
LG