Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Wan Rompeý Moskwa gitmez


Ýewropa Bileleşiginiň metbugat wekili Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompeýiň Ukrainadaky krizisi maslahatlaşmak üçin çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygy barada rus “Interfax” habar gullugynda çykan maglumatlary ret etdi.
Agzalýan bileleşigiň metbugat wekili Preben Aaman geňeşiň prezidenti Wan Rompeý munuň deregine penşenbe we anna günleri geçiriljek Ýewropa geňeşiniň ýygnagyna taýýarlyk görýär diýdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa Ýewropa Bileleşigi “hakykaty eşitmegi” ret edendigi üçin planlaşdyrylan duşuşygy goýbolsun etdi diýdi.
Şeýle-de, ministrlik Wan Rompeýiň “öz adamlary tarapyndan” Russiýa “barmagyna rugsat berilmändigini” öňe sürdi.
Fransiýanyň “AFP” habar gullugynyň diplomatik çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, Russiýa duşuşygy köpçülige aýan edeni üçin planlaşdyrylan ýygnak goýbolsun edilipdir.
XS
SM
MD
LG