Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa Russiýany ýazgarýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Krymy aneksiýa edeni, ýagny bir sebiti zor bilen öz territoriýasyna goşany üçin Russiýany ýazgardy.

Çarşenbe güni Ýaponiýanyň parlament geňeşinde çykyş eden Abe Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Krym ýarymadasyny aneksiýa etmek baradaky şertnama gol goýmagyna Tokio “Ukrainanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny bozýan hereket” hökmünde garaýar diýdi.

Şeýle-de, ol Ýaponiýa G-7 toparyndaky ýaranlary bilen maslahatlaşyp, Russiýa garşy has köp çäreleri durmuşa geçirmäge sereder diýdi.
XS
SM
MD
LG