Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew hökümetiň çekilmegini tassyklady


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew hökümetiň işden çekilýändigini tassyklaýan permana gol goýdy.
Sişenbe güni häkimiýetdäki koalisiýadan “Ata-Mekan” partiýasy çykarylandan soň, premýer-ministr Jantoro Satylbaldyýew we onuň hökümeti işden çekilmäge mejbur edildi. Satylbaldyýew we onuň hökümeti 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri hökümet başyndady.
“Ata-Mekan” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew geçen ýylyň başynda jenaýatçylaryň ýolbaşçysy türmeden boşadylyp, ýurdy terk edensoň, Satylabaldyýew premýer-ministr wezipesine dowam etmek üçin “moral hukuklaryny” ýitirdi diýdi.
Şeýle-de, Satylbaldyýew daşary ýurt kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan “Kumtor” altyn gory bilen baglanyşykly problemalary çözmezlikde aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG