Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda iki adam öldi


Owganystanyň gündogarynda welosipede, ýagny tigre ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde iki adam öldi. Bu barada owgan resmileri habar berýärler.

Bu partlama çarşenbe güni Gazny şäherinde amala aşyryldy. Gazny welaýat polisiýa başlygynyň orunbasary Asadullah Ensafiniň sözlerine görä, gürrüňi edilýän bomba partlamasynda bir polisiýa ofiseri we parahat ilatdan bir adam öldi.

Şeýle-de, partlamada parahat ilatdan başga-da birnäçe adam ýaralandy.
Henize çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG