Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Iki polisiýa işgäri öldürildi


Müsüriň howpsuzlyk resmileri çarşenbe güni Kair şäheriniň demirgazygynda gizlenýän söweşijilere edilen reýdde iki polisiýa ofiseriniň öldürilendigini habar berýärler.
Maglumatlarda öldürilen iki polisiýa ofiseriniň harby derejesi boýunça biriniň general, beýlekisiniň bolsa polkownikdigi aýdylýar. Olar Nil derýasynyň golaýyndaky Al-Kanatir al-Haýriýa şäherinde bolan ok atyşyklarda öldürilipdirler.
Müsüriň armiýasy iýul aýynda yslamçy prezident Muhammad Morsini häkimiýetden çetleşdirenden soň söweşijiler ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 200-den gowrak agzasyny öldürdiler.
Hüjümleriň aglabasy Sinaý ýarymadasynda amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG