Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anneksiýadan soň dartgynlylyk artýar


Ukrainanyň Harby deňiz edarasynda orsýet baýdagyny diken adamlar, Sewastopol, 19-njy mart, 2014.
Ukrainanyň Harby deňiz edarasynda orsýet baýdagyny diken adamlar, Sewastopol, 19-njy mart, 2014.
Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmeginiň ertesi bu regionda dartgynlylyk emele geldi.

Krymyň “özüňi goraýyş” güýçleri we orsýetparaz aktiwistler çarşenbe güni Ukrainanyň Sewastopoldaky Harby deňiz bazasyna hüjüm etdiler. Bu ýerde zorluklaryň bolandygy barada habar ýok. Soňra Ukrainanyň harbylarynyň “özüňi goraýyş” güýçleriň gözegçiliginde bazany terk edendikleri aýdyldy.

Ukrain bazasynyň ýagdaýy

Habar berlişine görä, Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleriniň ýolbaşçysy admiral Serhiý Gaýduk hem öz kömekçileri bilen harby bazany terk edipdir. Tassyklanmadyk maglumatlarda onuň Orsýetiň howpsuzlyk gulluklarynyň ofiserleri tarapyndan saklanandygy aýdylýar.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Sewastopolda ýerleşýän Gara deňiz flotunyň ýolbaşçysy Ukrainanyň ofiserleri bilen olaryň harby-deňiz bazalarynda gepleşik geçiripdi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili orsýetparaz güýçleriň we orsýet esgerleriniň Ukrainanyň Krymyň günbatar böleginde ýerleşýän “Nowoozerne” harby-deňiz bazasynyň derwezesini traktor bilen ýumrandygyny we baza girmekden ozal onuň girelgesini eýeländigini mälim etdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirýän Ihor Tenýukhy we öz orunbasary Witaliý Ýeremany Kryma sapar edip, “ýagdaýy çözmegi” tabşyrdy. Emma Krymyň seperatist lideri Sergeý Aksýonow agzalan ukrain resmileriniň regiona goýberilmejegini duýdurdy.

Orsýetiň ädimleri

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň Konstitusion sudy anneksiýa baradaky ylalaşygyň Orsýetiň Konstitusiýasyna gabat gelýändigini yglan etdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Krymyň seperatistik liderleri anneksiýa baradaky ylalaşyga gapma-garşylykly referendumyň,ýagny ses berişligiň yz ýany, sişenbe güni gol çekdiler.

Krymyň Orsýet tarapyndan goldanýan häkimiýetleri ýekşenbe günki referendumda ses berijileriň regionyň Orsýete goşulmagyny biragyzdan goldandygyny aýtdylar.

Orsýetiň parlamentiniň bu ylalaşygy şu hepdäniň dowamynda makullamagyna garaşylýar.

Ukraina we günbatar döwletleri ses berişligi ret etdiler we ony anneksiýa, ýagny “kesekiniň ýerini basyp almak” diýip atlandyrdylar.

ABŞ we ÝB Krymdaky wakalar bilen baglylykda birnäçe orsýet ýolbaşçylarynyň, deputatlarynyň we ozalky ukrain ýolbaşçylarynyň garşysyna syýahatçylyk gadagançylygyny girizip, olaryň Günbatardaky bank hasaplaryny doňdurdylar.

“Patriotik galkynma”

Çarşenbe güni Aksýonow “patriotik galkynmanyň” Ukrainanyň ors dilli ilatly beýleki regionlaryna hem ýaýramalydygyny aýtdy: “Şu gün Krymda we Orsýetde bar bolan patriotik galkynma dowam etdirilmeli we Ukrainanyň günorta-gündogaryna ýaýbaňlanmaly. Şol ýerde bize umytly garaýarlar, şol ýerde bizden goldawa we kömege garaşýarlar. Şu günki gün adamlar, dogrudanam, muňa mätäç. Biziň patriotik duýgulary günorta-gondogaryň ýaşaýjylary babatynda hem ýöretjekdigimize ynanýaryn”.

Sişenbe güni Putin Orsýetiň Ukrainanyň bölünmegini islemeýändigini, emma Moskwanyň orslaryň bähbitlerini goramalydygyny aýtdy.

Sişenbe güni Krymda iki adamyň atylyp öldürilendigi barada habar berildi.

Ukrainanyň harby resmileriniň habar bermegine görä, ukrain ofiseri Krymyň paýtagty Simferopolyň çetindäki baza ýaragly adamlaryň hüjüm etmeginiň netijesinde wepat bolupdyr.

Krymyň polisiýasynyň metbugat wekili “özüňi goraýyş” güýçleriniň bir agzasynyň hem öldürilendigini habar berdi. Ol ölüm wakalarynyň ikisine-de anyklanmadyk hüjümçileriň atan oklarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Krymda adam öldürilmegi bilen bagly wakalar fewral aýynda, ýagny Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyndan çetleşdirilip, Krymda müňlerçe orsýet harbylary ýerleşdirilenden soňra ilkinji gezek ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG