Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: Ýiten uçar barada obýektler peýda boldy


Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbott ýeriň hemrasy arkaly ele salnan suratlarda Malaziýanyň ýiten uçary bilen ilteşiginiň bardygy güman edilýän iki obýekte duş gelindi diýdi. Gürrüňi edilýän uçar 239 adam bilen 8-nji martda ýitirim bolupdy.
Penşenbe güni Awstraliýanyň parlamentinde eden çykyşynda Abbot “täze we anyk maglumatlar Hindi okeanynyň günorta giňişliginde amala aşyrylýan gözleglerde peýda boldy” diýdi.
Awstraliýanyň resmileriniň sözlerine görä, gürrüňi edilýän iki obýektiň uzynlygy 24 metre barabar bolup, olar Perta şäheriniň günorta-günbataryndan 2 müň 500 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Malaziýanyň howagämisi Kuala Lampur şäherinden Pekine uçup barýan mahaly ýitirim bolupdy.
Gözlegçiler derňewleri iki uly howa gatnaw ugruna üns berýärler. Olaryň biri Günortadan Merkezi Aziýa çenli aralygy, beýlekisi bolsa Hindi okeanynyň günortasyny öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG