Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Dört adam höküm edildi


Hindistanyň sudy geçen ýyl Mumbaý şäherinde suratçyny toparlaýyn jynsy zorluga sezewar edenleriň dördüsini günäli tapdy.
Gürrüňi edilýän dört adam barada anna güni höküm çykarylar we olaryň ömürlik türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ahmal. Bäşinji şübheli ýetginjek ýaşyna ýetmedik bolup, ol aýrylykda sud edilýär.
2013-nji ýylyň awgust aýynda 22 ýaşyndaky gyza edilen bu hüjüm Hindistanyň ykdysadyýet merkezi Mumbaýda köçe protestleriniň döremegine sebäp boldy.
2012-nji ýylda Deli şäherindäki awtobusda ýaş talybyň toparlaýyn jynsy zorluga sezewar edilip, ölmegi ýurtda köpçülikleýin protestleriň döremegine sebäp bolupdy we parlamenti jynsyz zorluk edýänlere garşy has ýiti jezalary kabul etmäge mejbur edipdi.
XS
SM
MD
LG