Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Nawalna aýyplama bildirilýär


Kreml tarapdary rus telekanaly Russiýanyň oppozision lideri Alekseý Nawalnyýny ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy bilen aragatnaşyk saklamakda we daşary ýurt puluny kabul etmekde aýyplaýan maglumatlary ýaýratdy.
Bu maglumatlar “Gazprom” nebit-gaz kompaniýasynyň eýeçiligindäki “NTW” telekanaly tarapyndan çarşenbe güni görkezildi. Maglumatlarda Nawalnyý bilen Merkezi aňtaw gullugynyň arasynda ýazga alnan telefon gepleşikleriň we olaryň myhmanhanada geçiren ýygnaklarynyň gizlin düşürilen wideo ýazgylarynyň bardygy öňe sürülýär.
Telewideniýede görkezilen gepleşikde Nawalnyý Ýewropa parlamentiniň agzalaryndan pul almaga synyşmakda we Merkezi aňtaw gullugy bilen duşuşyk geçirmekde aýyplanýar.
Nawalnyý rugsat berilmedik ýörişlere gatnaşany üçin häzirki wagt öý tussaglygynda saklanylýar.
“NTW” telekanalyndaky bu gepleşik Nawalnyýnyň "The New York Times" gazetine ýazan “Putini nädip jezalandyrmaly” atly makalasy bilen bir gün görkezildi.
XS
SM
MD
LG