Sepleriň elýeterliligi

Merkel Russiýa duýduryş berdi


Penşenbe güni Germaniýanyň parlamentinde eden çykyşynda ýurduň kansleri Angela Merkel penşenbe güni başlajak sammitde Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Russiýa garşy jezalandyryş çärelerini artdyrmak üçin öz taýýarlyklaryny bildirjekdigini aýtdy. Russiýa garşy bu jezalandyryş çäreleri ykdysady sanksiýalary hem öz içine alýar.
Merkel Ukrainadaky ýagdaýlar “ýaramazlaşsa”, Ýewropa Bileleşigi “Tapgyr-3” diýip atlandyran çärelerini hem hödürläp biljekdigini aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň iki gün dowam etjek sammiti penşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da Brýüsselde başlaýar. Bu sammitde ÝB liderleri Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegine gaýtawul bermek barada gürrüň ediler.
XS
SM
MD
LG