Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Moskwa hem Kiýewe barýar


Ukrainanyü premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk (Ç) BMG-niň Baü sekretary Ban Ki-mun blen, Nýu-Ýork, 13-nji mart, 2014.

Ukrainanyü premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk (Ç) BMG-niň Baü sekretary Ban Ki-mun blen, Nýu-Ýork, 13-nji mart, 2014.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp, Ukraina üstündäki dartgynlyklary azaltmak tagallarynyň çäginde Moskwa sapar edýär.

Ban anna güni Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow we premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk bilen duşuşmaly.

BMG-niň baş sekretarynyň Moskwa we Kiýewe edýän saparlary Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginiň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmezligi bilen güýçlenen diplomatiki tagallalaryň çäginde amala aşyrylýar.

Orsýet çarşenbe güni, indi olaryň indi rus raýatlarydygyny aýdyp, Krymyň ýaşaýjylaryna pasport bermek işine başlady.

Kiýew bolsa özüniň Ukraina sapar etmek isleýän orsýetliler üçin wiza režimini girizjekdigini aýtdy.

Ukraina GDA-dan çykmakçy

Şeýle-de Ukraina çarşenbe güni özüniň GDA-nyň bir ýyllyk gezekli başlygy bolmakdan çekilýändigini yglan etdi.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ewhen Perebyinis Ukrainanyň ozalky sowet respublikalarynyň arkalaşyk toparyndan çykmagyň pikirini edýändigini aýtdy.

Şeýle-de Kiýew özüniň BMG-den Krymy harby däl zolak diýip jar etmegi sorajakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Andriy Parubiý žurnalistlere şeýle diýdi:

"Ministrler kabineti BMG-niň Krym awtonom respublikasynyň territoriýasyny harbysyzlaşdyrylan zolak diýip ykrar etmek baradaky meseläni haýal etmän çözmegini sorady, Krym awtonom respublikasyndaky rus goşunlarynyň ol ýerden çykarylmagyny üpjün etjek ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrdy» diýip, Parubiý aýtdy.

Şeýle-de ol hökümetiň BMG-ni Krymyň basylyp alnan territoriýasyndaky ukrain harby birleşmeleriniň Ukrainanyň kontinental territoriýasynda gaýtadan ýerleşdirilmegi üçin şertleri taýýarlamaga çagyrandygyny, Krym awtonom respublikasynyň basylyp alnan territoriýasynda galmazlygy karar eden graždan adamlaryň göçürilmek çärelerini işläp düzmegi sorandygyny aýtdy.

Krymdaky orsýetçi güýçler çarşenbe güni Ukrainanyň azyndan bir harby-deňiz bazasyny eýelediler we Ukrainanyň harby-deňiz komandiri, admiral Serhiý Haýdugy ýesir aldylar. Krymdan gowşan habarlarda Haýdugyň we ýene tussag edilen ýedi adamyň boşadylandygy aýdylýar.

Ukrain güýçleri öz ýerleşýän ýerlerinden ewakuasiýa edilende zorlukly wakalaryň bolandygy eşidilmedi.

"Goşulmaly ýa çykmaly"

Krymyň orsýetçi häkimiýetleri çarşenbe güni ol ýerdäki ukrain esgerleriniň ýa Krym güýçlerine goşulmalydygy, ýa-da öz ýaraglaryny tabşyryp, ýarymadany terk etmelidigi barada buýruk çykardy.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen çarşenbe güni Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini Ýewropanyň howpsuzlygyna Sowuk uruş tamamlanaly bäri abanan iň uly howp diýip atlandyrdy.

Rasmussen çarşenbe güni Waşingtonda çykyp gürläp, Moskwany bu territoriýany ele geçirmegi tasa getirmek üçin Krymdaky bikanun referendumy ulanmakda günäledi. Ol bu referendumyň müňlerçe rus goşunynyň gatnaşmagynda, tüpeň niliniň astynda geçirilendigini aýtdy.

NATO-nyň başlygy Orsýetiň Ukrainynyň beýleki böleklerine hem aralaşmaga çalyşmagy ahmal diýip alada edýändigini aýtdy.

Günbatar liderleri Moskwa bu hereketleri sebäpli edýän basyşlaryny artdyrmagy wada berýärler.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron çarşenbe güni Orsýetiň öňdebaryjy ykdysadyýetli Sekizler toparyndan çykarylmalydygyny aýtdy.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Wilnýusda Orsýet izolýasiýanyň «garaňky ýodasynda» diýdi.

XS
SM
MD
LG