Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putine: Menem orsça gürleýän, goşun ibereweriň!


Roman Romanenko
Roman Romanenko
“Gadyrly Wladimir Wladimirowiç, menem orsça gürleýän, goşun ibereweriň!” diýip, orsýetli gazet redaktory Roman Romanenkonyň Facebookda ýerleşdiren ýaňsylaýjy haty köp adamy güldüripdi. Romanenko Orsýetiň prezidenti Waldimir Putinden özüniň ýaşaýan Wologda şäherinde-de Krym stilindäki harby halas edişligi geçirmegi sorady. AÝ/AR-nyň Ors gullugynyň habarçysy Iwan Belýaýew häzir, hamana, ekstremistik mazmunly hat ýazdy diýip derňew astyna alnan Romanenko bilen söhbetdeş boldy.

Orsýetiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Wologda regionyndan žurnalist Roman Romanenko Krym baradaky täzelikler bilen baglylykda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine hat ýazdy.

Ol hatda şeýle diýilýär: “Siziň Krymda ors dilli ilatyň hukuklaryny goramak üçin goşun ibermek isleýändigiňiz barada habar aldyk, şunuň bilen baglylykda Wologda hem goşun iberilmegine degişli uly haýyşymyz bar. Bu ýerde biziň ählimiz orsça gepleýäris we biziň hukuklarymyz ýygy-ýygydan bozulýar”.

Romanenko Wologdanyň ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň diňe käbirlerini, ýagny medisina hyzmatlarynyň erbetdigini, bilim derejesiniň peselýändigini we oba hojalykdaky durgunlylygy agzap geçýär. Eger Putin daşary ýurda degişli Krym ýaly giňişligi şular ýaly kynçylyklardan halas edýän bolsa, onda ol şuňa meňzeş kemçilikleri öz ýurdunda hem düzetmegi islemeli diýip, Romanenko nygtaýar.

Kryma derek Wologda pul iberilse...

Romanenko hatyny şeýle dowam edýär: “Siz Krymdaky durmuşy kadalaşdyrmak üçin köp pul ibermegi planlaşdyrýarsyňyz. Emma biz bu puly Wologda welaýatyndaky durmuşy gowulaşdyrmaga sarp edip bolmazmyka diýip soramaga-da utanýarys”.

Bu hat hiç ýere iberilmedi. Wologdanyň “Premýer” atly media kompaniýasynyň başlygy we “Premýer” gazetini çykarýan Romanenko bu haty diňe öz Facebookdaky sahypasynda dostlaryny güldürmek üçin ýerleşdirdi.

Onsoň bu hat Facbookda 3, 5 müňden gowrak sapar özara paýlaşyldy we Twer, Ýaroslawl, Perm ýaly şäherlerde hem nusga hökmünde ulanyldy.

Romanenkonyň sözlerine görä, Orsýetiň özünde infrastruktura dargap, garyplyk ýaýbaňlanýarka, Putiniň başga ýurtda ýaşaýan we Orsýetden kömek soramadyk ors dillileri halas etmäge ymtylmagy köp adam tarapyndan ýaňsylandy: “Premýer radiosynda biz pikir soralyşyk geçirdik we adamlarda siz bu hata gol goýarmydyňyz diýip soradyk. Bir müňden gowrak adam ses berdi, olaryň 82%-i şeýle hata gol goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Şonuň üçin men ony prowokasion diýip hasap etmeýärin. Onuň şeýle meşhur bolmagynyň özi-de hatyň mazmunynyň adamlaryň hut ”ýarasyna” basylandyny görkezýär” diýip, Romanenko gürrüň berýär.

Şol bir wagtda-da artyk gülmäge sebäp ýok. Şu hepdede, Romanenko dynç alyşdan gaýdyp gelende, özüniň ýerli prokuratura tarapyndan çagyrylýandygyny bilip galypdyr. Romanenko bu çakylygyň özüni gyzyklandyrandygyny, emma prokuratura baransoň, öz hatynyň ekstremistik mazmunly bolmagynyň mümkindigi sebäpli derňelýändigini we bu işiň regionyň gubernatory Oleg Kuwşinnikowyň talaby boýunça amala aşyrylýandygyny bilip galypdyr.

Derňew

“Biz bir ýarym sagadyň dowamynda örän irikdiriji iş bilen meşgullandyk. Men degişmäniň mazmunyny düşündirmäge çalyşdym. Men kimi göz öňünde tutandygym, saglygy saklaýyşda we oba hojalygynda ýagdaýyň kadaly däldigini subut edýän haýsy dokumentleriň elimde bardygy barada düşündiriş berdim. Mende prokuraturanyň işgärleriniň bu meselä intelligentlik bilen garaýandygy barada pikir döredi we men olar tarapyndan [öz garşyma] hiç hili agressiýany duýmadym”.

Emma Romanenkonyň bu duýgusy uzaga çekmedi. Ol öýüne gaýdyp baranda, gapysynda faşistleriň swastika belgisiniň çekilendigini we Ukrainada demokratiýa ugrundaky protestlere degişli “Stop Maýdan” diýen ýazgynyň ýazylandygyny görüpdir.

“Olar [meniň gapyma] “Stop Maýdan” diýip ýazypdyrlar we swastikanyň şekilini çekipdirler. Biz polisiýany çagyrdyk we olar goňşularymyzyň poçta bukjalaryndan listowkalary tapdylar. Listowkalarda goňşularyň dykgatyna: "Siziň oýüňizde Ukrainanyň dargamagy üçin Günbatary goldaýan lwowly haramzada ýaşaýar, seresaply boluň! Ukrainaly ýewreý Romanenkonyň jaýy goşa dyrnak içindäki ukrain partiotlary üçin konspiratiw jaý bolup biler" diýen zatlar ýazylypdyr.

Orsýetiň “SewerInform” täzelikler agentligi ady agzalmadyk kanun goraýjy bir rus ofiserine salgylanyp, agzalan ýazgy barada düşündiriş berdi we Wologdanyň ilatynyň Putiniň Ukraina boýunça syýasatyny tas biragyzdan goldaýandygyny, Romanenkonyň gapysyna çekilen suratlaryň bolsa onuň bihaýa pirimlerine jogap bolandygyny ýazdy.

Öz tarapyndan Romanenko basyşyň jemgyýet tarapyndan däl-de, regional ýolbaşçy Kuwşinnikow tarapyndan “Premýer” neşirinde çap bolan ençeme tankydy makalalar bilen baglylykda edilendir diýen pikirde.

Facebookdaky hatda ýerli resmileriň “galplaşdyrylan saýlawlarda häkimiýeti eýelän basybalyjylar” diýlip atlandyrylmagy hem dörän ýagdaýy köşeşdirmeýär.

Prokuraturanyň öz derňewlerini jemlemek üçin bir aý möhleti bar.

XS
SM
MD
LG