Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň ýagdaýy Orsýetiň beýleki goňşularyny näme üçin biynjalyk edýär?


Rus ofiserleri Slawutiç gämisinde ukrain kärdeşleri bilen duşuşýar. Sewastopol, 20-nji mart, 2014

Rus ofiserleri Slawutiç gämisinde ukrain kärdeşleri bilen duşuşýar. Sewastopol, 20-nji mart, 2014

Dünýä habarlaryny berýän NPR.org internet neşiri tanymal žurnalist Skot Nýumanyň Orsýetiň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmeginiň beýleki post-sowet ýurtlaryna ýetirýän gytaklaýyn täsiri barada makala ýazdy.

Biz bu makalanyň terjimesini okyjylyrymyza ýetirmegi dogry tapdyk
.

Haçanda Wladimr Putin şu hepde Kremliň Krymy anneksiýa edendigini yglan edende, bu regionyň uly möçberdäki rus dilli ilatynyň şeýle çäräni zerur we gutulgysyz bir zada öwrendigini açyk aýtdy.

Biziň sişenbe güni habar berşimiz ýaly, Putin öz harby güýçleriniň Gara deňiz ýarymadasyna ol ýerde ýaşaýan etniki rus köplügi öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny ulanmakçy bolanda, diňe "parahatçylyk şertlerini» döretmek üçin barandygyny öňe sürdi.

Krymda etniki ruslar köplük bolup durýar, şeýle-de ol Ukrainada ähmiýetli bir azlyk, ýagny ilatyň 17 prosent töweregini düzýär. Köne Sowet Soýuzynyň çäklerinde şeýle uly rus dilli ilatlaryň bolmagy umumy bir ýagdaý. Bu hili uly toparlar öz ýurtlaryndan göçüp baran adamlar bilen ýerli ilatyň garylyp-gatylmagynda döredi. Orsýetden ol ýerlere baran adamlaryň köpüsi sowet döwrüniň geljekde alada döredip biljek regionlaryň etniki düzümini üýtgetmek maksady bilen baglanyşyklydy.

Bu ýerde etniki ruslaryň adyndan Krym şekilli interwensiýa edilmeginiň başga-da mysaly bar. Aýdaly, 2008-nji ýylda Gürjüstanyň bölüniji regiony rus goşunlarynyň gyssagly çekilmegi netijesinde bölündi.

Onsoň häzir garaşsyz ýurt bolan ozalky sowet respublikalary Krymda bolan zatlardan näderejede biynjalyk bolmaly?

ÝB-niň serhetdeş ýurtlary

Bu sebitiň günorta-gündogarynda Baltika ýurtlary, Ukraina, Belarus we Moldowa ýerleşýär we bularyň üçüsinde hem uly möçberde etniki rus ilatlary ýaşaýar.

Ýewropanyň kartasy, 2014 ý.

Ýewropanyň kartasy, 2014 ý.


Belarusyň ilatynyň 8 prosent çemesi ruslar, bu ýurt, Gazagystan bilen bilelikde, Orsýetiň «Ýewraziýa Birleşigi» atly söwda bloguna goşulyp, Moskwa bilen gowy gatnaşyk saklaýar. Putin “Ýewraziýa Birleşiginiň” özygtyýarly döwletleriň Ýewropa Bileleşigi ýaly kuwwatly, supra-millet, ýagny millet üsti bileleşige öwrülmegine umyt baglaýar.

Şu arada Moldowanyň kiçiräk rus ilaty (6 prosent çemesi) awtonom sebit bolmak bilen, ýurduň galan böleginden bölünip aýrylmaga synanýar. «The International Times» neşiriniň bellemegine görä, bu ýerde Ukraina we Krym analogiýasynyň mümkinçiligi örän ýokary.

Kremliň 2 müň çemesi esgeri Transdinestrde rus separatistleri bilen Moldowan hökümetiniň arasyndaky ok atmazlyk şertleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär. Bu sebit Orsýet däl-de, Ukraina bilen araçäkdeş hem bolsa, Kiýewdäki durnuksyzlyk we Transdinestriň Kryma hem Gara deňiz kenaryna golaýlygy Moldowany alada goýýar.
Mundanam başga, Krym krizisi döräli bäri, Transdinestriň ýerli parlamenti Moskwadan bölüniji regiona rus raýatlygyny bermegi we onuň Russiýa federasiýasyna kabul edilmegini sorady.

Baltika döwletleri

Latwiýanyň we Estoniýanyň hem saldamly möçberde etniki rus ilatlary bar. Latwiýanyň 2 million ilatynyň 27 prosent çemesi ruslar, Estoniýanyň 1.3 million ilatynyň bolsa, dörtden bir bölegine golaýy ruslar.

“The Telegraph” neşiriniň ýazmagyna görä, Latwiýadaky ruslar ol ýere sowet dolandyryşy zamanynda, jemgyýetçilik durmuşynda we syýasy işlerde uly wezipeleri eýelemek mümkinçilikleriniň kän wagtynda göçüp bardylar.

"Emma kommunizm dargaly bäri ýagdaýlar görnetin üýtgedi. Resmi dil rus dili däl, latyş dili, bu ýurt indi, beýleki Baltika ýurtlary bolan Litwa hem Estoniýa bilen bilelikde, NATO-nyň täze we ýakyn agzalarynyň biri" diýip, gazet ýazýar.

«Roýtersiň» ýazmagyna görä, Latwiýa bilen Estoniýa hususan-da [Putiniň] Ukrainanyň içinde we töwereginde bolan rus hereketlerini ol ýerlerdäki rus dilli ilaty goramak hökmünde delillendirişinden howsala düşdi.

"Baltikanyň bu üç respublikasynyň ählisiniň NATO goşulmagy, Litwanyň bolsa indiki ýyl bu üçlügiň ýewro pul birligini kabul edýän soňky ýurdy bolmagy bilen bir hatarda, bu kiçijik ýurtlar esasan Orsýetiň energiýasyna garaşly we bu ýurt bilen berk söwda gatnaşyklary bar» diýip, «Roýters» ýazýar.

"Geçen hepdäniň aýagynda, orsýetçi güýçler Krymyň daşany gabaýan wagty, Moskwanyň [Latwiýadaky] ilçisi Kreml Latwiýadaky etniki ruslary garyplykdan halas etmek üçin pasport we pensiýa teklip etmegi planlaşdyrýar diýip, aladanyň has-da ilerlemegine sebäp boldy" diýip, «The Telegraph» aýdýar.

Merkezi Aziýa

Kremliň ýakyn ýaranlarynyň biri bolan Gazagystanyň ilatynyň üçden brine golaýy etniki ruslardan ybarat. BBC-iniň aýtmagyna görä, «Gazagystan Moskwanyň strategiki partnýory we bu iki ýurt yzygiderli ýagdaýda bile harby tälim okuwlaryny geçirýär. Şeýle-de olaryň ýakyn söwda gatnaşyklary bar we olar umumy bazar döretmäge synanýarlar." BBC-i bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Birleşen Ştatlar bilen Angliýanyň arasyndaky gatnaşyga deňeşdirerlikdigini aýdýar.

Orsýet-Gazagystan serhedi, maps.yandex.ru, 14-nji mart, 2014

Orsýet-Gazagystan serhedi, maps.yandex.ru, 14-nji mart, 2014


"Emma Orsýetiň Krymdaky harby hereketi gazaklaryň arasynda hem ynjalyksyzlyk döretdi. Olar «ukrain ssenarisiniň» Merkezi Aziýa döwletlerinde hem bolup biljeginden alada galýarlar" diýip, BBC aýdýar.

Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaý regionynyň ilatynyň ýarysyna golaýy etniki ruslar, başga regionlarda, hususan-da gündogarda «etniki gazaklar etniki ruslara garanda azrak gelýär."

Gazagystanyň Orsýete tarapdar prezidenti Nursoltan Nazarbaýew duşenbe güni Orsýetiň Krymdaky pozisiýasyna düşünmek bilen garaýandygyny aýtdy. Köpler muňa örän seresaplyk bilen aýdylan söz hökmünde garadylar» diýip, “Post” neşiri ýazdy.

Gyrgyzystanda hem ilatyň 12 prosent çemesini etniki ruslar düzýär, bu ýurduň prezidenti Almazbek Atambaýew hem Kremle ýaplanýar. Emma bu ýurt şu wagta çenli, öz topragynda hem rus harbylaryna, hem Birleşen Ştatlaryň howa bazasyna ýer bermek bilen, Gündogar bilen Günbatary seresaply deňagramlaşdyrýar. Emma bu ýagdaý üýtgedilýär.

Bu sebite gözegçilik edýän “Transitions Online” şeýle ýazýar:

"Orsýetiň bazasy we ABŞ-nyň howa bazasy Gyrgyzystanda on ýyldan gowrak boldy, emma ABŞ-nyň bazasy iýulda ýapylar. Bu karar Gyrgyzystanyň prezidenti 2011-nji ýylyň aýagynda saýlanandan soň haýal etmän kabul edildi we 2013-nji ýylyň iýunynda parlament tarapyndan tassyklanyldy. Bu iş Moskwanyň basyşy astynda edilendir diýen pikire giňden gol ýapylýar.

"Haçanda bu ýapylyş Gyrgyzystanda yglan edilende, köp adam muny goldady, emma Orsýetiň «ýerli ruslary goramak» üçin Krymyň içine kürsäp girmegi Gyrgyzystanda hem aladany güýçlendirdi we amerikanlaryň gitmegi bilen bagly käbir pikirleri üýtgetdi."

Kawkaz

Kawkazda etniki ruslar kiçi bir azlyk bolup ýaşaýan-da bolsa, bu region Kremliň çemeleşmeleri zerarly kän jebir çekdi. Çeçenistan bolsa, Moskwa bilen separatist konfliktiň öýjügi boldy.

1992-93-nji ýyllarda Gürjüstanyň bölüniji regiony Abhaziýada graždan urşy boldy, onuň bir tarapynda Gürjüstanyň hökümetiniň goldamagyndaky etniki gürji milisiýasy bolan bolsa, beýleki tarapynda Demirgazyk Kawkaz jeňçilerinden, Orsýetden we Orsýetiň döwletinden goldaw tapan etniki abhaz milisiýasy durdy. Olar Orsýet tarapyndan ýarag, tälim, söweşijiler, etniki gürji nyşanalaryna urulýan howa zarbalary bilen goldanylýardy.

Krymdaky ýagdaýyň Azerbaýjanda hem alada döredendigi düşnüklidir. “Moscow Times” Azerbaýjanyň Jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenýän jemgyýetiniň direktory Awaz Gasanowa salgylanyp, şeýle ýazdy:

"Krym Orsýete goşulsa, krym tatarlaryna näme boljagy entek aýdyň däl... Biz Krymyň halkynyň referendum gurnamak islegine garşy däl, emma biz onuň nähili ýol bilen gurnalandygyna garşy. Referendumy geçirmekdäki gyssanmaçlyk we Orsýetiň harbylarynyň ol ýerde bolmagy dogry däl» diýip, Gasanow aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG