Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Gyz

Gyz

Geçen hepdäniň dowamynda türkmen ýaşlarynyň internetdäki işjeňligi baradaky gürrüňe täzelikde gözüme ilen “NextTm” atly türkmen sahypasy bilen başlamakçy. Beýleki sosial ulgamlarda bolşy ýaly, “NextTm” ulgamynda-da agzalar öz temalaryny, gyzykly maglumatlardyr wideolaryny ulgamyň beýleki agzalary bilen paýlaşýarlar.
Bu ulgamda geçen hepdäniň dowamynda Maýiçka atly agzanyň “Tamdyrlara ser salyp...”, Krassawçik atly agzanyň “Gabanjaňlyk hakynda we görnüşleri”, Marala atly agzanyň “Enesiniň gyzy” atly temalaryny iň köp okalanlaryň hataryna goşsa bolar.
Bu sosial ulgamda iň köp okalan tema bolsa ulgamyň Meret atly agzasy tarapyndan ýazylan “Meniň oglum – serhetçi” atly temasy bolupdyr. 17-nji martda gozgalan bu tema 20-nji marta çenli jemi 364 sapar okalypdyr. Bu temada Merdan Hudaýberdiýew atly ildeşimiziň ogluny gulluga ugradyşy hakynda gürrüň edilýär. Şeýle-de, temanyň aşagyna sosial ulgamyň Krassawçik atly agzasy teswir ýazypdyr.
Twitter
Twitter sosial ulgamynda bolsa Ýuka Ýürek atly agza tarapyndan ýazylan “Üns beriň, öýlenjek oglanlar! ''Obaly gyz şähere öwrenişip biler, ýöne şäherli gyz oba öwrenişip bilmez'' diýip ýazan tweeti sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda dürli pikirleriň döremegine sebäp bolupdyr.

Bu tweete Merjen S atly agza: “Şäherli bolup, obaly oglana durmuşa çykýanlar-a kän welin, özi obaly bolup, obaly oglana barjak däl diýýänlere näme diýjek?” diýip, sorag beripdir.
Muňa Ýuka Ýürek atly agza: “Beýdip, uly gürleýänleriň 80%-i ýene oba çykýar:)” diýip, jogap ýazypdyr. Twitter sosial ulgamynyň “TürkmenTweet” atly topary bolsa: “Hemmämiz obadan çykanymyzy unutmaly däl” diýip, häzirlikçe bu temadan gürrüňi jemläpdir.
“VKontakte”
“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa “Türkmen sungat älemi” atly topar tarapyndan paýlaşylan goşgy agzalaryň ençemesiniň ünsüni çekipdir. Bu goşguda Kerim Gurbannepesowyň “Ömrüme pent” atly goşgusy degişme görnüşinde talyplyk ýyllary bilen baglanyşdyrylyp, gaýtadan ýazylypdyr. Bu goşgynyň originalynda şeýle diýilýär:
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
diýilýär. Emma degişme görnüşinde “Vkontakte” sosial ulgamynda ýazylan goşguda bolsa:
Hem kopýa ber, hem kopýadan akyl al,
Kitapdan däl, internetden nakyl al,
Alan balyň gözlerine basyp al,
Kopýalarňy bildirmänjik zyňyp git.
diýilýär. Kerim Gurbannepesiň goşgusynda, ýagny goşgynyň originalynda ýene şeýle setirler bar:
Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp, saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Goşgynyň studentler tarapyndan täzeden ýazylan degişme görnüşinde bolsa bu setirlere öýkünilip döredilen şeýle setirleri okap bolýar:
Bagt paýlansa, üç baýlygy ilki al:
“Dersde ýatmak” bilen “Dersden terki” al,
“Çäreden azat sen” diýen erki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git!
17-nji martda paýlaşylan bu goşgy 20-nji marta çenli 207 sapar halanyp, 69 gezek hem gaýtadan çap edilipdir. Şeýle-de, sosial ulgamyň agzalary tarapyndan bu goşgynyň aşagynda 39 sany teswir ýazylypdyr.

Aziz Mamedow, Mekan Çaryýew, Maýa Arazgeldiýewa, Maksat Baýramow, Batyrnazar Amannazarow, Aşyr Meredow, Begenç Nurmämmedow, Jennet Muradowa ýaly agzalar goşgyny halandyklaryny aýan edipdirler.
XS
SM
MD
LG