Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-owgan serhedi: Berklik nämede?


Türkmen serhetçileri ÝHHG tarapyndan gurnalan tälime gatnaşýar. Ymamnazar, türkmen-owgan serhedi

Türkmen serhetçileri ÝHHG tarapyndan gurnalan tälime gatnaşýar. Ymamnazar, türkmen-owgan serhedi

Owganystandaky halkara güýçleriniň 2014-nji ýylyň aýagynda bu ýurtdaky söweş güýçlerini doly çykarmaga taýýarlanmagy goňşy ýurtlaryň öňünde «talyban» howpuna garşy, belli bir derejede, özbaşdak durmak aladasyny goýýar.

Ikinji tarapdan, bitarap Türkmenistanyň goranyş ukyby, harby kuwwaty, ýaş türkmen goşunynyň tälim-taýýarlygy barada hem öwgüli habarlar az.

Şol bir wagtda Owganystanyň demirgazygynda, türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan etniki türkmenleriň bir bölegi «talybana» garşy durup biljeklerini, umuman bu işde Türkmenistana ýardamçy boljaklaryny aýdýarlar.

Bu meselä bagyşlanan söhbete kabuldaky habarçynyz Şamerdanguly Myrady, ozal Oganystanda gulluk eden esger Halmyrat Söýünow, ýerli synçy Nurberdi Nurmämmet gatnaşdy.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG