Sepleriň elýeterliligi

Syýasy gozgalaňlara şaýat bolan türkmenler


Demostrasiýalara gatnaşýan adamlar

Demostrasiýalara gatnaşýan adamlar

Ukrainada prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan ýüz öwürmegi netijesinde noýabr aýynda ýurtda protestler döräpdi. Şol protestleriň netijesinde hökümet agdarylyp, Ýanukowiç ýurdy terk edipdi. Şeýle-de, ýakynda Russiýa tarapyndan Ukrainanyň Krym sebiti anneksiýa edilip alyndy. Yagny sähelçe wagtyň içinde ýurtda hökümet agdaryldy, ýurduň bir bölegi hem beýleki bir ýurt tarapyndan anneksiya edildi. Bu ýagdaýlaryň ählisine Ukrainada okaýan talyplar hem şaýat boldular.
Edil anneksiýa bolmasa-da şuňa meňzeş syýasy krizis we hökümet agdarylyşygy 2009-njy ýylda Gyrgyzystanda hem bolup geçipdi. Bu ýagdaýlar umuman aýdylanda Türkmenistan üçin nätanyş.
Eýsem, şunuň ýaly syýasy wakalar, türkmenistanly talyplarda nähili täsir galdyrýar? Olaryň şol wakalardan öwrenen zatlary, edinen tejribeleri nämelerden ybarat? Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda ynha şu meseleler hakda gürrüň etmekçi. Programmamyza diňe Ukrainada hem-de Gyrgyzystanda okaýan türkmen talyplary däl, beýleki ýurtlarda okaýan talyplara hem garaşýarys.
Pikiriňizi galdyrmak üçin aşakdaky forumdan peýdalanyň, eger isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz, adresimiz hat@azatradio.org, bize hat ýazyň. Siz bilen özümiz habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG