Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek Krym referendumy “kanunalaýyk” diýýär


Gyrgyzystanyň hökümeti Krymyň dawaly referendumyny we onuň Russiýa federasiýasyna goşulmak baradaky kararyny kanunalaýyk diýip ykrar edýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni öz websahypasynda çap eden beýanatynda “Krymda 16-njy martda geçirilen referendumyň netijeleri awtonom respublikanyň ilatynyň aglabasynyň islegini görkezýär” diýýär.

Şeýle-de, beýanatda “Ukrainanyň öňki dolandyryjylarynyň gümürtik işleriniň we korrupsiýanyň Russiýa tarapyndan ýarymadanyň anneksiýa edilmegi bilen bagly häzirki wagt ýurtda dowam edýän krizisleriň döremegine sebäp bolandygy” aýdylýar.

Günbatar ýurtlary Russiýa tarapyndan Krymyň anneksiýa edilmegini bikanun diýip atlandyrdylar we sowuk urşundan bäri Ýewropanyň howpsuzlygyna edilen iň uly haýbat diýip ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG