Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Twittere girmek çäklendirildi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan sosial ulgamlary “ýok etmek” barada haýbat atandan soň, ýurduň hökümeti Twitter saýtyna girmegi çäklendirdi.
Anna güni Twitter ulanyjylary sosial ulgama girmäge synanyşan mahaly Türkiýäniň telekommunikasiýa resmileri tarapyndan ugradylan bildiriş bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bildirişde sosial ulgamyň bölekleýin ýapylmagy üçin suduň buýruk berendigi nygtalýar.
Twitter sosial ulgamynyň metbugat wekili Nu Wexler bu babatda kompaniýa derňewleri geçirýär diýdi.
XS
SM
MD
LG