Sepleriň elýeterliligi

Russiýa ABŞ-a garşy sanksiýalary girizmez


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwa Waşingtona garşy gaýtawul beriji sanksiýalary girizmekden saklanar diýdi. Putin bu çykyşyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýanyň käbir raýatlaryna garşy girizen sanksiýalarynyň täze tapgyryndan bir gün soň etdi.

Şondan soň penşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministrligi dokuz amerikan raýatynyň Russiýa girmegini gadagan edýän öz sanawyny çykarypdy.

Şeýle-de, Putin anna güni ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagynda eden çykyşynda Moskwa Russiýa girmek isleýän ukrainlere wiza düzgünini girizmez diýdi. Ol ukrainlere garşy wiza düzgünini girizmekligiň “millionlarça günäsiz ukrainleriň” ejir çekmegine sebäp boljakdygyny aýtdy.

Penşenbe güni Ukrainanyň resmileri Kiýewe gelmek isleýän ruslardan wiza talap etmegi gözden geçirýändiklerini mälim edipdiler.
XS
SM
MD
LG