Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Güýçli döwlet “ezilmegiň” öňüni alyp biler


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi anna güni eden çykyşynda diňe güýçli döwlet dünýäniň iri döwletleri tarapyndan ezilmegiň öňüni alyp biler diýip, ykdysady garaşsyzlyga çagyryş etdi.
Nowruz baýramy mynasybetli Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäherinde eden çykyşynda Hameneýi “Dünýädäki gorkuzyp alyjylar gowşak milleti şantaž ederler, ony kemsiderler, oňa hüjüm ederler we ony aýagy bilen depelärler” diýdi.
Eýran özüniň ýadro programmasy sebäpli girizilen halkara sanksiýalaryndan ejir çekýär. Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasynyň harby maksatlydygyndan güman edýärler. Eýran bolsa muny ret edip gelýär.
Eýran halkara sanksiýalarynyň ýeňilleşdirilmegi dogrusynda öz ýadro programmasyny soňa goýmak hakynda 24-nji noýabrda dünýäniň iri alty döwleti bilen başlangyç ylalaşyga gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG