Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň «pasport karty» Türkmenistanda oýnarmy?


Rus we ukrain pasportlary
Rus we ukrain pasportlary
Metbugat habarlaryna görä, Orsýet ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren respublikalaryň raýatlarynyň rus graždanlygyna geçmek, pasport almak düzgünlerini ýeňilleşdirmekçi bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ozal goşa raýatlyk şertnamasy baglaşylypdy. Emma soň bu şertnama resmi Aşgabadyň inisiatiwasy bilen togtadyldy. Ýöne şol şertnamanyň işlän döwründe rus raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň sanynyň müňlerçedigi aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistanda, az-da bolsa, rus dili ilat hem bar.

Golaýda Kremliň Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmegi netijesinde, synçylaryň pikirlerine görä, öňki sowet respublikalarynda, ýerli rus dilli ilat we rus raýatlary hem Kremliň syýasaty bilen bagly, belli bir aladalar döredi.

Mundan başga, Türkmenistan ýaly ýurtlardan gelip Orsýetde okaýan, işleýän adamlar hem bar. Olaryň, öz ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin, rus graždanlygyna geçmek mümkinçiliginden peýdalanjak bolmagy, ikinji tarapdan, öz ýurdunyň raýatlygyndan el çekmek islemezligi-de mümkin.

Umuman, şu we beýleki ýagdaýlar Orsýetiň «pasport kartynyň» Türkmenistanyň özbaşdaklygyna nähilidir bir täsir ýetirmegine getirip bilermi? Bu ähtimallyk barada kimde nähili pikir bar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Pikir-bellikleriňize, söhbete gatyşmagyňyza garaşýarys.

Söhbete goşulmak üçin aşakdaky forumdan peýdalanyň; isleseňiz, gepleşigimize gatnaşyp hem bilersiňiz. Biziň adresimiz: hat@azatradio.org, bize hat ýazyň, telefon ýa e-mail salgylaryňyzy galdyryň, siz bilen özümiz habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG