Sepleriň elýeterliligi

M.Musakanow: "Rep meniň ýüregimden çykýar"


Aýdymçy sahnada çykyş edýär.

Aýdymçy sahnada çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly aýdym-sazyň rep ugrunyň liriki, “underground”, ýagny agalyk ediji ideologiýa garşy protest duýgusyny beýan edýän sungat ýaly görnüşleri bar.
Eýsem, rep aýdymçylary näme maksat bilen aýdym-sazyň bu ugruny saýlap alýarlar?
Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, häzirki wagt Çehiýanyň paýtagty Pragada ýaşaýan gyrgyzystanly rep aýdymçysy Kg Boy, ýagny Marat Musakanow bilen söhbetdeş boldy. Ol öz söhbetdeşliginde rep aýdymlaryna bolan gyzyklanmasynyň çagalykdan başlandygyny we 7-nji synpdan bäri rep eserlerini döredýändigini aýtdy.
Azatlyk Radiosy: Marat, rep sungatyny saýlap almagyňyzyň sebäbi näme?
Marat Musakanow: Men çagalykdan bäri aýdym-sazyň rep ugry bilen gyzyklanýardym. 7-nji synpdan başlap hem repiň tekstlerini, ýagny sözlerini ýazyp başladym. Şeýle-de, men beýleki aýdymlary hem diňleýärdim. Meselem, pop, jazz, hip-hop aýdymlaryny hem diňleýärdim. Ýöne beýleki aýdymlara garanyňda rep sungaty meni has-da gyzyklandyrdy.
Meselem, repi okaýyşlary. Bilşiňiz ýaly, rep aýdymçylary aýdym aýtmaýarlar. Olar teksti okaýarlar. Ýagny, meni rep aýdymçylaryň nädip diksiýanyň üstünde işleýşi gyzyklandyrýardy. Şeýle-de, rep aýdymlarynda beýleki aýdymlara garanyňda has köp maglumat berilýär, bir zatlar aýtmaga synanyşylýar. Şu zatlar hem meniň göwnüme gaty ýaraýardy. Ynha, şondan soň hem men rep aýdym-sazyna has köp üns berip başladym.
Azatlyk Radiosy: Siz rep aýdymlarynyň mazmunynda beýleki aýdymlara garanyňda diňleýjilere has köp maglumat berilýär diýdiňiz, şol maglumatlar nämelerden ybarat?
Marat Musakanow: Meniň diýjek bolýanym, beýleki aýdymlaryň sözleri ýazylanda dört setir ýa-da alty setir we şuňa meňzeş görnüşde ýazylýar. Emma rep okanyňda, ýagny repiň sözlerini ýazanyňda çäklendirme ýok. Repiň sözlerini her kim, öz isleýşi ýaly, 20 setir edip hem ýazyp bilýär, 30 setir edip hem ýazyp bilýär. Şeýlelikde adamlara aýtmak isleýän ýa-da gürrüň bermek isleýän zadyňy düşündirmäge has köp wagtyň bolýar.
Azatlyk Radiosy: Marat, siziň pikiriňizçe, rep aýdym-sazy beýleki aýdym-sazlardan haýsy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar?
Cehiýanyň paýtagty Pragada ýaşaýan gyrgyz rep aýdymçysy Marat Musakanow

Cehiýanyň paýtagty Pragada ýaşaýan gyrgyz rep aýdymçysy Marat Musakanow

Marat Musakanow: Esasy tapawut repde aýdym aýdylmaýarda, repiň, ýagny düzülen goşgynyň sözleri okalýar. Aýdym-sazyň beýleki ugurlarynda bolsa goşgynyň sözleri okalmaýarda, aýdym edip aýdylýar. Şeýle-de, repiň birnäçe ugurlary bar. Meselem, lirika, “underground” ýaly ugurlary bar. Rep, umuman, bu ugurlary bilen hem aýdym-sazyň beýleki ugurlaryndan tapawutlanýar.
Azatlyk Radiosy: Meselem, repiň liriki we “underground”, ýagny agalyk ediji ideologiýa garşy protest duýgusyny beýan edýän ugurlary biri-birinden ýene nähili aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar?
Marat Musakanow: Repiň liriki ugrunda, esasan-da söýgi temalaryny öz içine alýan eserler, ýagny goşgular aýdylýar. “Underground” görnüşinde bolsa belli bir derejede nägilelik, protest pikirli garaýyşlar beýan edilýär. Hatda kähalatlarda ýaramaz sözler hem aýdylýar, onuň sazy hem beýlekilere seredeniňde has aýgytly bolýar.

Şeýle-de, repiň bu görnüşi gahar-gazap bilen aýdylýar. Onuň mazmunynda reperler islendik mesele boýunça nägile bolýan temalary barada öz närazylyklaryny aýan edip, şoňa protest bildirýärler. Meniň özüm repiň liriki görnüşini has gowy görýärin. Meniň ýazýan eserlerim hem, esasan, söýgi bilen baglanyşykly. Başgaça aýdanymda, gowy sözli rep eserlerini taýýarlaýaryn.
Azatlyk Radiosy: Siziň ýaňky aýdyşyňyz ýaly, rep aýdym-sazy belli bir derejede bir mesele boýunça öz nägileligiňi aýan etmek, protest bildirmek üçin hem ulanylýar. Bu ýagdaý Gyrgyzystanda nähili?
Marat Musakanow: Gyrgyzystanda her dürli garaýyşlar bar. Meselem, repiň bu görnüşini uly höwes bilen diňleýänler hem bar, diňlemeýänler hem bar. Ýöne soňky ýyllarda ýaşlaryň köpüsi repiň bu görnüşini halaýarlarmyka diýip pikir edýärin.
Azatlyk Radiosy: Siziň gelejekki planlaryňyz nähili?
Marat Musakow: Men sungatymy dowam etdiresim gelýär. Şeýle-de, sungatymy diňe Çehiýada, Slowakiýada däl, eýse Ýewropanyň, dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky rep aýdymçylary bilen hem birlikde rep aýdyp, ony has-da ösdüresim gelýär. Gyrgyz repini dünýä tanadasym gelýär. Häzirki wagtda meniň gyrgyz dilinde rep aýtmagymy sorap, birnäçe halkara konsertlerinden, bäsleşiklerinden çakylyklar gelýär. Men hem başardygymdan şol konsertlere, bäsleşiklere gatnaşmaga synanyşýaryn.
XS
SM
MD
LG