Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet anneksiýany, ÝB assosiasiýany...


Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ýolbaşçylary, Brussel, 20-nji mart, 2014.
Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ýolbaşçylary, Brussel, 20-nji mart, 2014.
Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Ukrainanyň Krym regionyny Orsýetiň düzümine almak baradaky karary makullady.

Şol bir wagtyň özünde-de Brýusselde Ukrainanyň premýer-ministri örän simwolik görnüşde Ýewropa Bileleşigi bilen kesgitleýji syýasy ylalaşyga gol çekdi.

Orsýetiň Federasiýa geňeşinde anna güni geçirilen ses berişlik anneksiýa baradaky kararyň jar etmek prosesini jemledi. Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko şeýle diýdi: “Biz şu günler bolan taryhy wakalaryň şaýatlary däl-de, gatnaşyjylary bolduk we biz mertebeli, jogapkärçilikli we patriotizm duýgusy bilen özümiziň taryhy missiýamyzy ýerine ýetirdik”.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin anneksiýa baradaky kanuna gol çekdi. Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi bolan Döwlet Dumasy anneksiýa baradaky karary sişenbe günki maslahatynda makullady.

Assosiasiýa barada ylalaşyk

Ukraina Krymyň azatlygy ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Günbatar döwletleri anneksiýany halkara kanunlarynyň açyk depelenmegi hökmünde ret etdiler. ABŞ we ÝB munuň bilen baglylykda sanksiýalary girizdiler.

ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompui anna güni Ukraina bilen assosiasiatiw ylalaşygyň syýasy bölegine gol çekilmeginiň iki tarapyň özara gatnaşyklarynyň näderejede möhümdigini görkezýändigini belledi. Rompui “Bu günki care diňe başlangyjydyr. Biz tiz wagtda ylalaşygyň galan bölegine, ykdysady şertlerine hem gol çekilmegine garaşýarys. [Ylalaşygyň] syýasy bölegi bilen bilelikde olar umumy bir dokumenti emele getirerler”.

Rompui Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bilen ylalaşyga Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki sammitiniň gidişinde gol çekdi.

Ukrainanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň geçen ýylyň noýabr aýynda ÝB bilen assosiasiýa we erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwürmegi ýurtda syýasy krizisy tutaşdyrypdy.

Brýusselde sişenbe güni başlanan sammitiň ilkinji güni ÝB-niň liderleri Orsýetiň Ukrainadaky ýagdaýy durnuksyzlandyrmak boýunça ädim ätmegine garşy duýduryş berdiler.

Sanksiýalar

Sişenbe güni ABŞ we ÝB Orsýete garşy öz sanksiýalarynyň sanawyny giňeltdiler. ABŞ prezident Wladimir Putiniň ýaranlaryna we ýurduň ýolbaşçylygy bilen ýakyn gatnaşykda bolan “Rossiýa bankyna” garşy-da sanksiýalar girizildi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi jogap hökmünde Orsýet tarapyndan sanksiýalaryň nyşanyna alnan amerikanlaryň sanawyny çap etdi.

Anna güni Putin Orsýetiň ABŞ-nyň sanksiýalaryna jogap bermegi üçin mundan beýläk zerurlygyň ýokdugyny aýtdy. Şeýle-de Putin telewideniýede görkezilen bu çykyşynda kinaýa bilen: “Rossiýa bankynda” hasap açmakçydygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow anna güni Federasiýa geňeşinde çykyş edip, günbatar döwletleriniň Orsýet resmilerine garşy sanksiýalarynyň netijeli däldigini we gerek bolmadyk böwetleri döredip biljekdigini aýtdy.

Federasiýa geňeşi öz beýannamasynda sanksiýalary “syýasy şantaž” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG