Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Faýzi: "Türkmenistan “Talybany” gepleşige yryp biler"


Ozalky "Talyban" söweşijileri, Nangarhar welaýaty, 19-njy mart, 2014 ý.
Ozalky "Talyban" söweşijileri, Nangarhar welaýaty, 19-njy mart, 2014 ý.
Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Salahuddin Rabbani bilen duşuşdy.

Türkmenistan bu duşuşyk mahalynda garalan meseleler barada jikme-jik maglumat bermeýär. Emma muňa garamazdan, Owganystanyň Parahatçylyk geňeşiniň agzasy türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň ornaşdyrylmagy, hatda owgan-talyban gepleşikleriniň geçirilmegi üçin ýardam bermegi teklip edendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiniň agzasy Habybulla Faýzi bilen bu duşuşyk barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Saparyň dowamynda näme hakda gürrüň edildi?

Faýzi: Parahtaçylyk boýunça ýokary geňeşiň agzalary bir ýere sapar etse, ylalaşyk barada gürrüň edýärler. Türkmen resmileri bilen geçirilen duşuşyklarda hem owganara gepleşikler barada gürrüň edildi hemem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan wekilleri Türkmenistanyň hökümetinden Owganystanda asudalygyň ornaşmagy boýunça ýardam etmegi sorady.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňize görä, Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň ornaşmagy boýunça nähili kömek edip biler?

Faýzi: Türkmenistan geçen üç onýyllygyň dowamynda Owganystan bilen dostlukly gatnaşykda boldy. Owganystanyň üstüne kyn ýagdaýlar düşende, Türkmenistan owgan halkyny goldady we kömek etdi. Ýurtda parahatçylyk üçin bize näçe işleri ýerine ýetirmek zerur? Birinjiden, “Talyban” hereketi bilen ylalaşyk üçin gepleşik geçirmek gerek. Onuň üçin bir bitarap ýurtda gepleşik geçirilmeli. Türkmenistan hem musulman ýurdudyr. Olam edil Katar, Birleşen Arap Emirlikleri hemem Saud Arabystany ýaly owganara gepleşikleriň geçirilmegine mümkinçilik döredip biler we “Talyp” wekillerine-de jaý berip biler. Ýagny, ylalaşyk üçin gepleşikleriň geçirilmegine, olaryň azat-erkin gatnaşmagyna Türkmenistan pursat döreder, diýen tama bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Owganystanyň ýaragly garşydaşlarynyň ýurduň hökümeti bilen ylalaşyga gelmegi üçin nähili täsir edip biler öýdýärsiňiz?

Faýzi: Türkmenistan “Talyp” režimi döwründe hem olar bilen gowy gatnaşyk saklady. Şonuň üçin Türkmenistan “Talybany” owgan hökümeti bilen ylalaşyk boýunça gepleşik geçirmäge razy edip biler diýip aç-açan aýtsa bolar.

Azatlyk Radiosy: Käbir maglumatlara görä, “Talyban” hereketiniň Türkmenistanda syýasy wekilhanasynyň açylmagyna mümkinçilik döretmäge türkmen resmileri razylyk bildiripdirler. Bu näderejede hakykat?

Faýzi: Biz Türkmenistandan, beýleki yslam ülkelerinden Owganystanda parahatçylyk boýunça kömek etmegi sorap gelýäris. Döwlet öz garşydaşlary bilen ylalaşyk üçin gepleşikleriň geçirilmegine ýardam etmegi haýyş edýär. “Talybanyň” Türkmenistanda syýasy wekilhanasy bolsun ýa bolmasyn, olaryň wekilleriniň Türkmenistanda owgan resmileri we Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň agzalary bilen ylalaşyk üçin gepleşik geçirmegi möhümdir. Owgan resmileri “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen Türkmenistanda gönüden-göni duşuşyp gepleşik geçirse, onuň netije berjekdigine biz ynanýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan şeýle söz berdimi?

Faýzi: Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge söz berdi. Owganystanda durnuklylygyň ornaşmagy boýunça Türkmenistan kömek edýär. Türkmenistanyň Owganystan barada gowy niýeti bar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylar Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň daşary ýurtlara edýän şeýle saparlarynyň netije bermeýändigini aýdýarlar, owgan hökümetiniň garşydaşlary bilen ylalaşyk üçin edýän tagallalaryňyzyň başa barmaýandygyny öňe sürýärler. Siz şeýle pikirler bilen ylalaşýarsyňyzmy?

Faýzi: Meniň pikirimçe, ynamsyzlyk bilen iş bitmez. Parahatçylyk boýunça ýokary geňeş ýurtda asudalygy ornaşdyrmak üçin ýadawsyz tagalla etdi we edýär. Üstünlikleri-de gazandy. Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşine halkara jemgyýetçiligi hemaýat edýär. Goňşy ýurtlar hem goldaýar. Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň tagallasy bilen “Talybanyň” tussaglary erkinlige goýberildi.

Katar döwletinde “Talybanyň” syýasy wekilhanasynyň döredilmegi boýunça Ýokary geňeş uly rol oýnady. Arada Birleşen Arap Emirliginde hem “Talybanyň” ýolbaşçylary bilen Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň wekilleri duşuşdylar. Bu ýurduň asudalygy üçin edilmeli işlerdi. Ýöne Owganystanda parahatçylygy bir günde ornaşdyrmak mümkin däl. Onuň üçin wagt gerek. Elbetde, ýakyn gelejekde Owganystanda asudalyk boýunça gowy gürrüňleri hem eşidersiňiz.
XS
SM
MD
LG