Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derýa nirä barýar?


Amyderýa, Türkmenabat
Amyderýa, Türkmenabat
Türkmenistanyň tebigy baýlyklary barada mekdep bosagasyndan ätlän her bir çaga öwredip başlaýarlar. Ýöne ýurduň esasy hem iň zerur baýlygy känbir ýatlanmaýar.

Unudylýan baýlyk

Amyderýa diňe Türkmenistanda däl, tutuş Merkezi Aziýadaky iň uly tebigy baýlyk saýylýar. Ol Türkmenistanyň ekin ýerleriniň esasy bölegini suwlulandyrýar. Içimlik suw hökmünde-de şu derýanyň suwy peýdalanylýar. Şeýle-de bolsa, bu baýlyk barada känbir alada edip duranoklar. Derýany esasan iki ýagdaýda; bir-ä suw joşanda, bir-de suw ýetmezçilik edende ýatlaýarlar.

Şu iki ýagdaýda derýa özüniň bardygyny, bu toprakdan akyp geçýändigini milletiň ýadyna salýar.

Ýaz paslynyň başlanmagy, buzlaryň eremegi bilen derýa ýene adamlaryň ýadyna düşse gerek.

Türkmenistanyň Parlamentine deputatlar erkin saýlanan döwürde, Hojambazyň Mekan obasyndan bolan Hudaýberen Hallyýew Mejlisiň tribunasyndan, gara çyny bilen janygyp, hökümet resmilerine ýüzlenipdi. Ol: “Adamlar, meşhur Mekan obasyny – şol gadymy hem taryhy obany derýa ýok edýär. Derýa bu obanyň alkymyna süýşüp barýar” şekilde öz pikrini mälim edipdi. Ýöne ony diňlän bolmady.

Taryhyň yzlary

Bu uly hem ägirt gudratly derýa ir mahallar has günbatardan: Ahal-Arkaç sebitlerinden akypdyr diýen çaklama bar. Indi bolsa ol Garagum çölüniň gündogar çetinden, Gygylgum bilen aralykdan akýar. Derýa eýsem Horasanyň günbataryndan gündogaryna süýşüp baraýdymyka? Ol million ýyllaryň dowamynda 500-600 km. aralygy geçdimikä diýen sorag döreýär.

Bu topragy, aýaratyn-da Garagum çölüniň tebigatyny öwrenen akademik W.A. Obruçew: “Bu çöl diňe Amyderýanyň getiren gyrmançalaryndan emele gelipdir” diýipdi. Soňky barlaglar bolsa Garagumdaky çägäniň düzüminiň Amyderýanyň iň ýokary akymyndaky daglyk gatlaklaryň düzümine deň gelýändigini görkezdi.

Ylmyň aýdan şol pikirlerini Türkmenistanyň Günbatar böleginde gadymyýetden galan yzlar tassyklaýar. Bu gumuň içinden Amyderýanyňmy ýa başga derýalaryň akandygy hak. Derýa bilen bagly ençeme ýer-ýurt atlary saklanyp galypdyr. Diňe Merkezi Garagumda Derýaberki, Derýadepiz, Derýaýoly, Derýadüz, Derýaorun, Derýatakyr ýaly peslikler bar.

Eger biz has Gündogara çekilsek, Daşoguzdaky Derýalygy ýatlap bileris. Bu ýerden golaý taryhda hem suwuň akandygyny we onuň kesilenini ýazuw çeşmeleri tassyklaýar.

Bu süýşmek hem çekilmek derýanyň häzirki akym ugrunda has güýçli bildirýär.

Derýadan galan ýer

Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän iň gadymy ýadygärlik Dänew etrabyndaky Ödeýdepe hasaplanýar. Onuň ýaşy, takmynan, dört müň ýyl bolup, geçen wagt içinde derýa şol gadymy galadan 30 km. çemesi gaýra çekilipdir.

Soňkurak taryha seretsek, derýadaky esasy geçelgäniň biri Amul galasynyň golaýynda bolupdyr. Amul şäherini köp taryhçylar hem syýahatçylar ýazyp wasp edýärler. Soňky müň ýylda derýa bu şäheriň eteginden 13 km. gaýra çekilipdir. Indi şol galanyň depesine çykanyňda-da, Amyderýa görünmeýär.

Bir gezek bize Kerkide gum eteginde tebigy çil bolup duran uzyn belentligi görkezip: “Öň derýanyň çep kenary şol ýerde ekeni” diýdiler.

Derýa, takynan, her ýüz ýylda 3 km. gowrak gaýralygyna çekilipdir. Bu hereket häzirem dowam edýär. Ol yzygider sag tarapa süýşýär. Ýogsam bolmasa, sag kenaryň köp bölegini daşly belent gyr tutýar.

“Ol çep ýüze-de süýşýär” diýilmegi mümkin. Hawa, suw bol gelende, çep kenardan köp bölegi, ekinleri, toraňňy tokaýlaryny basýar. Ýöne suwuň bu basýan ýeri aslynda onuň özüniňki, derýanyň bäş-on ýyllykda taşlap giden ýerleri. Ol golaýda ekerançylyga öwrülen öz kenaryny, mundan sähelçe wagt öň öz akan ýerlerini täzeden alýar.

Derýa näme üçin süýşýär?

Derýanyň gündogara süýşmeginiň sebäpleri hökmünde öňe sürülýän çaklamalar az däl. Olardan iň sadasy hem ýönekeýi Ýeriň aýlanyş hereketi bilen düşündirilýär. Ýer Günüň hereketiniň garşysyna, ýagny Gündogar tarapa aýlanýar. Şonda Gün biziň göwnümize Günbatara tarap gidýän ýaly görünýär. Şeýle bolsa, elbetde, suw hem Ýeriň aýlanyş ugruna tarap togalanýan bolmaly.

Kim bilýär? Sebäbi Türkmenistanda Amyderýanyň tebigatyny hem basseýini tutuşlaýyn öwrenýän ylmy-barlag merkezi ýok.

Ýöne bu ýagdaýy düýpli öwrenmäge wagt ýetdi. Sebäbi bu toprakdan köp-köp medeniýet, köp halk göçüp gidipdir. Eger ugruna seredilmese, derýa hem şol bir gapdalyna agyp barşyna bir gün biziň çägimizden çykar. Ol ýyl-ýyldan Gündogar serhede golaýlaýar.

Aky Garawul. Bu biziň diňleýjimiziň lakamy. Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG