Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Türkiýäni tankytlaýar


Birleşen Ştatlar Türkiýäniň häkimiýetleriniň sosial media ulgamy bolan Twitteri gadagan etmek synanyşygyny tankytlady.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Türkiýäniň hereketleri bu ýurduň demokratiýanyň ýokary standartlaryna eýermek islegi barada aýdan beýanatlaryna ters gelýär diýdi.

Anna güni Türkiýäniň telekommunikasiýa häkimiýetleri Twitteri suduň karary esasynda ýatyrýandyklaryny yglan etdiler.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan Twitteri «ýok etjegini» aýdyp, haýbat atdy. Bu saýtda Erdoganyň eden gürrüňiniň ses ýazgysy ýaýradylyp, ony uly korrupsiýa skandalyna ilteşikli ýaly etdi.

Prezident Abdylla Gül hökümetiň çäklendirmelerini ýazgaryp çykyş etdi. Ol sosial media platformalarynyň doly gadaganlygynyň tassyklanyp bilinmejegini aýtdy. ABŞ-nyň sözçüsi garaşsyz we päsgel berilmeýän medianyň demokratiýa bilen açyk jemgyýetiň düýp özeni bolup durýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG