Sepleriň elýeterliligi

«Naftogazyň» başlygy tutuldy


Ukrain polisiýasy döwlet eýeçiligindäki «Naftogaz» kompaniýasynyň başlygy Ýewhen Bakulini korrupsiýa derňewi bilen baglylykda tussag etdi.

Içeri işler ministri Arseniý Awakow Feýsbukdaky beýanatynda polisiýanyň gaz senagatynda bar diýip güman edilýän korrupsiýa boýunça derňew geçirýändigini aýtdy.

Bu korrupsiýa döwlete 4 milliard dollar zyýan ýetirýändir öýdülýär. Awakow Bakuliniň «jenaýat toparynyň» ýolbaşçysy bolmakda güman edilýändigini aýtdy.

Bu topara ozalky ukrain hökümetiniň öňki we häzirki uly resmileriniň başga-da bir bölegi dahyllydyr öýdilýär.
XS
SM
MD
LG